SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOŞ

BOŞ, 1. Içine hiç zat salynmadyk, doldurylmadyk.

Goçmyrat stoluň bir çetinde duran boş keselere hem çakyr guýuşdyrypdyr (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).

2. Hiç kim tarapyndan eýelenmedik, eýesiz.

Hiç bir boş oturgyç ýok, hemme ýer doly («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Ekin ekilmedik, hiç zat gögermedik, peýdalanylmadyk. Ine, şu şäheriň duran ýeri ýaňy-ýakyn-da hem tozap ýatan boş meýdandy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

4. Zähmet bilen meşgullanmaýan, işsiz, biderek. Hoşgeldi boş gezmeli bolan bir näçe gününi boş geçirmedi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

5. Giň, gysmaýan. Tuflym aýagyma boş bolýar.

6. Baglanmadyk, daňylmadyk. Düýeleriň aýagy boşdy.

7. Bolgusyz, ähmiýetsiz, manysyz, esassyz. Boş güpläp gürledi («Tokmak» žurnaly).

<>Agzy boş — ser. Agyz.

Başy boş — ser. B a ş I. Başy boş aýal.

Beýnisi  b o ş — ser. B e ý n i. Özi ýaş, beýnisi  boş(A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

E l i  b o ş — ser.El.

Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş (nakyl).


BOŞAMAK, 1. Boş bolup galmak, bir zadyň boş bolmak.

Gonan samoliotyň içi kem-kemden boşaýardy.

2. Azat bolmak, azatlyk almak.

Belki. tussaglar hem boşar? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Dünýä zähmetkeşleriniň geldi boşajak wagty (A. Kekilow Saýlanan eserler). Köne dünýäň düzgüninden boşaýan köp («Oktýabrь ýalkymy»).

3. Wezipeden, işden çykmak işden aýrylmak.

4. Daňylgy, baglangy ýagdaýyndan aýrylmak. Düýe boşapdyr.

5. Boş bolmak, gowşamak. Tigriň boşan gurşawyny berkitmek.


BOŞANMAK, 1. Daňydan boşap gitmek, ýüpüni üzmek, bagyndan sypyp gitmek.

Düýe bolsa boşanyp, bagyny süýräp gidipdir («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Sygyr boşanypdyr.

2. göç. m. Azatlyga çykmak, azat bolmak.

Habar alyp täzeleriň pendinden Boşanawer köneligiň bendinden (Mollamurt, Saýlanan eserler).


BOŞAŇ, 1. Gowşak, ugursyz, bolgusyz. Boşaň adam

2. Dagap duran, pytrap barýan, ýumşak, berk däl. Boşaň kerpiç, Boşaň toprak.

3. ser. B o ş l a ň 2.


BOŞAŇLYK, 1. Gowşaklyk, ugursyzlyk, bolgusyzlyk.

2. Pytrap duranlyk, berk dällik, ýumşaklyk. Topragyň boşaňlygy.

3. ser. Boşaklyk2.


BOŞATMAK, 1. Bir zadyň içini boş goýmak, içindäki zatlary aýyrmak, içinden çykarmak.

Siz galany boşadyp, tabşyryp gitmeli («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Daňysyny çözüp goýbermek, bagyny çözmek. Endamlarynda der bugarýan öküzleri çarhdan boaşdyp,. ot küdesiniň kölegesine getirdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Göläni boşadyp goýberiň.

3. Azat etmek, erk bermek. Kazaklar tussaglary boşadypdyrlar. (SSSR taryhy).

4. Birini işden, wezipesinden aýyrmak, çykarmak. Ony wezipesinden boşatdylar («Kolhoz günleri»). Häziriň özünde arzaňy ýazyp bilersiň, boşadarys goýberibereris! — diýip, Katýa saklanyp bilmän torsardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

5. Atmak. Men hem ätiýaç üçin alyp baran goşa tüpeňimiň iki gözüni hem boşatdym (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Ol horaza omurmanyň bir gözüni boşadyp goýberdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Adama bir awtomat magazinini boşatdyk (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

<>Içini boşatmak — ser. I ç.

Guwanç hakynda gürläp içini boşatjakdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa)\


BOŞAŞMAK, 1. Kem-kemden boşamak, bir zadyň içindäkiler aýrylyşmak, çykyşmak.

2. Birneme gowşaşmak. Maşynyň nurbatlary boşaşypdyr.

3. Iş azalyşmak, iş ýeňleşmek. Eller boşaşyp, gabady gelende oturyşarys, gürrüňleşeris.


BOŞLAŇ, 1. Işi, aladasy onçakly köp däl, işi az bolan. Onuň birneme eli boşlaňdy.

2. Onçakly (adam, mal-gara we ş. m.) köp däl. Guýynyň başy boşlaňdy.


BOŞLAŇLYK, 1. Iş, alada köp dällik.

2. Onçakly (adam, mal-gara we ş. m.) köp dällik. Şu günka töweregiň boşlaňlyk bolmagynyň sebäbi hem şol bolmaga çemeli (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BOŞLUK, 1. ser. Boşlaň 1. Boşlukdan hem çykýan zat ýok, bir işe ýerleşilse gowy boljak.

2. Hiç kim ýokluk, boşlaň.

3. Ekin-tikin we ş. m. zat ekilmedik, boş ýatan. Bular baryp bir boşluk ýeri ekjek bolupdyrlar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Gülzara öwrüp çöl boşluklaryny, Gurýas Lenin bilen şatlyk dünýesin («Sowet edebiýaty» žurnaly).