SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOZ

BOZ, Çalymtyl (reňk). Boz at.

Ak iner çökmese, boz maýa gaýmaz (nakyl).

* Boz meýdan — heniz ekilmedik, özleşdirilmedik meýdan. Boz meýdan-da hasyl kän biter («Kolhoz günleri»). Suwdan ganyp, taba gelen boz ýere, Kolhozçynyň päk zähmeti nur saçdy (R. Alyew, Kommunizm ýolunda). Sürlen ýerleriiň 140 gektary tarp we boz ýerlerden özleşdirildi («Sowet Turkmenistany» gazýeti). Haýda öňe, polat atym, Boz çölleri bag eýläli! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Göwhere taý boz ýermiziň, Pagta, bugdaý, arprsy kän (N. Pomma, Saýlanan eserler).


BOZAGAN, bot. Esasan sübse üçin peýdalanylýan, ownujak däneli purli ösümlik.

Mylaýym bahar şemaly bozagan bilen garaganyň turşumtyk ysyny garyşdyryp getirýärdi (A. Gowşudow, Köletdagyň eteginde).


BOZAGANLYK, Bozaganyň köp  biten ýeri. Bozagan ýer.


BOZARMAK, Çalymtyl reňk almak, boz reňke öwrülmek. Guwanjyň ýüzi bir gyzarýar, bir bozarýar, ol näme diýjegini hem bilmedi (A. Gowşudow, Mähri— Wepa) Sary, şal geýnen bir gyz, dokuz ýaşly geýnüwli oglanyň elinden tutup, maşyndan çykdy, şäheriň sökülen, bozaran öýlerine üns bilen garady (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BOZGAK, Agzalaçylyk döredip ýören, tertip bozujy, başbozar, ýykgynçy.

Daýhanlar birleşip, ekiş başlanda, Bozgaklar bar bolsa, maňa tabşyryň! (Mollamurt, Saýlanan eserler). Ol baryp ýatan bozgak eken («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BOZGAKLYK, Agzalalyk döretmek bilen meşgul bolmaklyk, tertip-düzgüni bozujylyk, gara ýüreklilik, başbozujylyk.

Men ol bozgaklygyň içinde ýok! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Nämelim, nadan toparlaryň bozgaklyk çykarmagyna çydap bolmaz (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Meniň ýüregimde zerrejik bozgaklyk bolman, men bagtly ýaşaýyş ýoluna gadam urýan ahyry (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BOZGAKÇYLYK, ser. Bozgaklyk.

Knýazь bozgakçylyklaryndan adamynyň ömri gysgaldy (SSSR taryhy). Pişesi hem bozgakçylyk döredip ýärmek eken («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BOZGUÇ, Haty öçürmek, süpürmek üçin rezin.


BOZDURMAK, 1. Bir zady ýykdyrmak, dargatdyrmak.

Howlynyň agaç diwaryny bozdurdylar.

2. Işlemegini kesdirmek, işlemekden goýmak, döwdürmek, zaýalatmak.

Priýomnigi düzetdirjek bolup bozdurypsyň.

3. Öçürip aýyrdyrmak, süpürtmek. Ol adyny spisokdan. bozdurypdyr.

4. göç. m. Ýoldan çykartmak, azgynlyga ýüz urdurtmak, azdyrmak. Eger ogluňa haý diýmeseň, humarbazlara ony bozdurarsyň.


BOZLAMAK [bo:zlamak], 1. Mylaýym ses bilen sokduryp seslenmek (düýe, köşek hakynda) Düýe bozlap, at kişňäp, Janlylyk döredi daşda (R. Seýidow, Bagtlylar). Köşeginiň sokduryp bozlaýan näzik sesi gulaga gelýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyn. eteginde).

2. göç. m. Zaryn seslenmek, nala çekmek. Bozlap aglaýar welin, ýüregimi paralap barýar.(N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


BOZLATMAK [bo:zlatmak], 1. Bozlamaga sezewar etmek, bozlap ýörmegine sebäp bolmak. Düýäni bozlatmak.

2. göç. m. Zaryn seslendirmek, nala çekdirmek.


BOZLAŞMAK [bo:zlaşmak], 1. Bir näçe bolup bozlamak. Jerenleri gezer düzde, Bozlaşar düýeler bozda («Görogly» eposy).

2. göç. m: Zaryn seslenişmek, nala çekişmek.


BOZMAK, 1. Bir zady ýykmak, dargatmak.

Duşmanlary dargadyp, höwürtgesin bozdular (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

2. Sandan çykarmak, döwmek, zaýalamak. Maşyny bejerjek bolup bozmak.

3. Öçürip aýyrmak, süpürmek, öçürmek. Rezin bilen bozup aýyrmak.

4. Birini azdyrmak, ýaman ýola salmak, ýoldan çykarmak.

Ýaman dil il bozar, ýaman aýak — ýol (nakyl).

<> Rahatlygy bozmak — ser. Rahatlyk.

Gelip meniň rahatlygym bozýarsyň! (Şekspir, Otello).

Ümsümligi bozmak — ser. Ümsümlik.


BOZUK, 1. Sandan çykan, döwük, zaýalanan.

Altyn, kümüş gözelleriň şaýydyr, Goç ýigitler bozuk jaýa seretmez («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Jigimiň ok oýunjak tüpeňi bozuk ýatyr.

2. Ýoldan çykan, azgyn betniýet. Öý eýesiniň ogly bozuk hem ahlaksyz adamdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

* Göwni bozuk — ser. Göwün.

Keýpi bozuk—ser. Keýp. 

Keýpimiň bozuk wagtynda sen meni güldürdiň (G. Muhtarow, g. Seýitliew, Çopan ogly).

Niýeti bozuk — ser. N i ý e t. Ol, päli ýaman, niýeti bozuk adam.


BOZUKLYK, 1. Saz dällik, haraplyk.

2. Azgynlyk, betniýetlik, ahlaksyzlyk. Aýala äsgermezlik bilen garamak, hormat goýmazlyk we çagalara jogapkärsizlik bilen garamak, jynsy bozuklygyň esasy bolup biler (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika).


BOZULMAK, 1. ýykylmak, dargamak, sökülmek. Jaýlaryň eýwanlary bozulyp aýrylypdyr.

2. Döwülmek, enjilmek, zaýalanmak. Reproduktor bozulypdyr.

3. Pytramak, dagap gitmek. Ýykylyp ordam bozuldy, Däli köňlüm serhoş oldy («Görogly» eposy).

4. Ahlaksyz bolmak, betniýet bolmak, azmak. «Bozulanyň öňünden, düzüleniň soňundan» nakylyna eýerýärmiň?! (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

5. Gaýgydan ýa-da şatlykdan ýaňa göze ýaş aýlamak, tolgunmak, hapa bolmak.

Gyzym, bozulma-da, ýagdaýa seret, Howlukma, darykma, bar-da pikir et (A. Kekilow, Söýgi). Anton aga bozulyp, ýüzüni aşak saldy (X. Ysmaýylow, Powestler).


BOZUŞMAK, Ýykyşmak, dargadyşmak, söküşmek. Men olara telär bozuşdym.


BOZ-ÝAZ: boz-ýaz bolmak — utanmak, ýüzüň gyzarmak. Muhammediň ýüzi boz-ýaz boldy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Bu gelşiksiz ýagdaýa ýüzleri boz-ýaz bolan Nurjahan heniz özüni rastlap bilmändi (B. Pürliew, Ilkinji gün).