SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOS

BOSA-BOS,  Başly-barat gaçyş, gaça-gaç, bosgun.


BOSA-BOSLUK, Başly-barat gaçmaklyk, gaça-gaçlyk.

Bir bar eken, bir ýok eken, bir wagt bosa-bosluk eden bir ýurt bolan eken («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


BOSAGA, 1. Gapynyň aşak bölegindäki keseligine pola berkidilip goýlan agaç.

Tamyts bosagasyndan ätlep, bir garry öýe girdi.

2. Wakanyň, ýagdaýyň öň ýany, başlangyjy.

3. Gäminiň ýüzmegini kynlaşdyrýan, derýanyň düýbündäki daşly beýikler.

Dnepr bosagalarynda harytlar we gaýyklar kenar bilen çekilip geçirilipdir (SSSR taryhy).


BOSGUN, Köp bolup gaçýanlar, köp bolup gaçyp barýanlaryň topary, gaça-gaçlyk.

Bosgunlar çem gelen ýerde ýaşapdyrlar (Gadymy dünýä taryhy). Nemetsleriň bosgunlary girse süreň tapman, ibirtde-zibirt bolup, top oklarynyň astynda mynyjyraýardylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BOSGUNÇY, Bosup barýanlar, gaçyp ýa-da bir ugra eňip barýanlar, bosguna gatnaşyjy.

Halnazar bosgunçylary yzyna gaýtaryp, Gün ortadan agandan soň, obasyna etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BOSGY, ser. Bosgun. Halk bosga duşmesin, gaçmasyn (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BOSDURMAK, Gaça-gaçlyk turuzmak, gaça-gaçlyga sezewar etmek.


BOSMAK, Bosgun bolup gaçmak, topar-topar bolup ýurduňy taşlap gaçyp, göçüp gitmek. Obanyň uludan-kiçi hemmesi guma tarap bosupdyr.


BOSONO'ŽKI, Ökje we burun tarapy açyk ýeňil ýaz aýakgaby.


BOSSAN [bossa:n], Gök ekinli meýdan, gawun-garpyz ekini, bakja.

Liza bossanyň içi bilen meýdana baka ylgady (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Söýgüli. mekanym, eý Turkmenistan! Kolhozyň meýdany bag bilen bossan (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


BOSSANÇYLYK [bossa:nçylyk], Oba hojalygynda gawun-garpyz, hyýar we ş. m. ekerançylygyny ösdürmeklik, bakja ekinleri ekilen ýer. Derýalaryň we kölleriň boýundaky ýaz suwlaryndan dolýan çöketleriň köp bölegi bossançylyk üçin ulanylyp bilner («SSSR-in ykdysady geografiýasy»).


BOSSANY [bossa:ny], Palas nagşy. Olar indi bossany, goçajyk, halyýaran, gülýaýdy ýaly palas nagyşlaryny ulanýarlar («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BOSTO'N, Ekary hilli kostýumlyk ýüň matanyň bir görnüşi.

Garanyň egnindäki boston kostýumy Myrady geň galdyrdy («Tokmak» žurnaly).