SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NEB

NEW

NEG

NED

NEJ

NEÝ

NEK

NEL

NEM

NEN

NEO

NEP

NER

NES

NET

NEF

NEÇ

NEŞ


NEBELA [nebela:], Nä tüýsli, nähili, neneň. Bu yssy nebela, adamyny suwa saldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


NEBERE, Kowum-garyndaş, dogan-garyndgş, hossar, nesil. Biziň neberämizde hiç beýle zat ýokdur (A. Gowşudow, Eserler). Magtymgulynyň nebereleri bar diýýärler (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


NEBIR, Nähili ajaýyp, nähili oňat, ne gözel. Ol talaňçylar hem obany rehimsiz talap, nebir jaýlary ýumrupdyrlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NEBIS, Köp zada eýe boljak bolmaklyk islegi, meýli. Artykmaç mirasa eýe bolmak nebsi, onuň başyny aýlady. Ol öz nebsiniň öňüne serhet çekip bilmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Nebse çapmak — bir zatdan köp almaklyga ymtylmak, açgözlülik etmek, nebsewür bolmak. Özüniň gara nebsine çapyp, Keljäni we onuň ýoldaşlaryny heläk etmegi ýüregine düwen betniýetli açgöz han bolsa, ahyrsoňy öz başyny aldyrýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Nebsi otukmak — höwesi artyp başlamak, peýdasyna, haýryna çapmak, nebsini bilip başlamak. Oglanlaryň altyn guşlara nebsi otukdy (B. Kerbabaew, Japbaklar).

<>Nebsine gaýym — nebsini bilýän, nebsiniň ugrunda gezýän, nebisli, nebisjeň. Ol özüniň nebsine gaýym («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Nebsiň agyrmak — bir zada gynanmak, bir zat üçin ýürek awamak, rehmiň inmek, haýpyň gelmek. Seniň öý hojalykçysy bolup galyşyňa nebsim agyrýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Nebsimiz agyrsa-da, şol sowala düşünmeýän spetsialistler-de ýok däl («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NEBISJEŇ, Nebsine ylgaýan, betnebis, nebsewür, açgöz. Nebisjeň baýlar ýok, zalym hanlar ýok, Mülkdar ýok hem ezilýän jandar ýok («Oktýabrь ýalkymy»).


NEBISJEŇLIK, Nebisjeň bolmaklyk, betnebislik, nebsewürlik, açgözlülik. Meňliniň nebisjeňligi ula-kiçe bellidir («Tokmak» žurnaly).


NEBIT, Kerosin, benzin we ş. m. dürli önümler almak üçin çig mal hökmünde we ýangyç görnüşinde ulanylýan ýagjymak suwuk mineral jisim. Aeroplanlar, tanklar, awtomaşynlar — hemmesine nebit gerek (A. Gowşudow, Saýlanay eserler). Nebiti tygşytlamak gerek (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ýaş şäher bolan Angarskiniň ýanynda nebiti gaýtadan işleýän zawod döredilýär («Ýaş kommunist» gazeti). Nebit halk hojalygy üçin gymmatly çig maldyr.


NEBITDAKYL, Dürli agyr molekulaly parafinleriň garyşyp gatamagyndan emele gelen çylşyrymly madda. Nebitdakyl bar, nebit bar, Biziň Türkmenistanda (Durdy Gylyç, Goşgular).


NEBITÇI, Nebit senagatynyň işgäri, nebit boýunça spetsialist. Türkmen halkynyň içinden nebit senagaty boýunça ökde hünärli nebitçi kadrlar ösüp ýetişdi. Penjirelerden ýagty gün şöhlesi urup, nebitçileriň şadyýan şähtlerini açyk görkezýärdi. Sowet halky guwanýar, Nebitçi gahrymanlara («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NEBSEWÜR, ser. Nebisjeň. Nebswwür adamlar bugdaýy dagadyp barýarlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Dünýäniň ýüzünde möjek ýaly bir elhenç hem suwumsyz nebsewür haýwan bolmaz (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


NEBSEWÜRLIK, ser. Nebisjeňlik. Gyşdan kynlyk bilen çykan açgöz mallar ondan-oňa nebsewürlik bilen tebsindi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Men bütin töwerege nebsewürlik bilen seredýärdim («Sowet zdebiýaty» žurnaly).