NES |
NESIBE , [nesi:be], Ýazgyt, kysmat. nesip. Jan oglum, seniň toýuňy görmek nesibäm bar eken! (G. Muhtarow, Seýitliew, Çopan ogly). Köne dünýä garalypdyr kömürden, Nesibäňi gözle, täze ömürden (Mollamurt, Saýlanan eserler).
NESIBELI , [nesi:beli], Nesibesi bar bolan. Elbet-de, nesibeli güni bardyr! diýip, garry sözlemegini dowam etdi (A. Gowşudow, MähriWepa).
NESIL, 1. Ata-baba bir maşgaladan bolan kowum- garyndaşlar, arkaba-arka gelýän garyndaşlyk. Adamlar ýaşamak ugrundaky göreşde alan tejribelerini ençeme müň ýyllar dowamynda nesilden-nesle berip gelipdirler. (SSSR taryhy). Siziň nesliňiz aňry geçmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Maşgaladan önüp-ösýän ogul-gyz, zürýat, ýaş össürimler. Ösüp barýan ýaş nesliň berk bilim almaklygynda we oňat gylyk- häsiýetde terbiýelenmeginde pioner guramasyniň roly örän uludyr («Ýaş kommunist» gazeti). 3. Bir döwürde ýaşayan ýaşdaş adamlar, döwürdeşler. Ine, biziň Hoşgeldimiz hem şol Pökgen bilen jedelleşip ýören agronomlaryň neslinden (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).
NESILBE-NESIL, Arkaba-arka, nesilden-nesle, Ata- babadan, nesilsaýyn. Onuň başynda nesilbe-nesil geçen patyşalar durupdyrlar (SSSR taryhy).
NESILSAÝYN , [nesilsa:ýyn], ser. Nesilbe-nesil.
NESIP [nesi:p], ser. Nesibe. Gardaş, ertir nesip bolsa, men Nusaýy görmäge gitjek. Maňa nesip etmedik mallar, goý, hiç kime nesip etmesin! («Sowet edeýaty» žurnaly).
NESIHAT , [nesighat], Bir mesele, iş barada berilýän öwüt, maslahat. Seniň nesihatyň meniň üçin kanun (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bir näçe söz aýtjak saňa, Nesihatym algyn, jigim. (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ol, ýaşlara nesihat bermegi gowy görýärdi (O. Gonçar, Baýdak göterijiler).
NESIHATÇY , [nesi:hatçy], Nesihat berýän adam, maslahatçy.
NESÝE, Söwda-satykda belli bir möhlete çenli pulsuz alnan, nagt bolmadyk. Düýe paýlaşylanda, bular hem ondan bir paý bolup, üleşige goşuldylar we: Elimize düşende gowşurarys diýip, nesýe aldylar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Nagtym barka, nesýäňi nädeýin!? («Sowet edebiýaty» žurnaly). Nagt suwum barka, nesýe şerabyňy nädeýin! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). <> Nesýä geçmek nesýe pul ýa-da zat alyp bilmek, nesýe berilmek.
NESÝE-NOWGAN ,[nesye-nowga:n], Soň bermek şerti bilen karz, nesýe. Genjim agasyndan nesýe-nowgan zat alyp başlady («Gerogly» eposy). |