SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NEB

NEW

NEG

NED

NEJ

NEÝ

NEK

NEL

NEM

NEN

NEO

NEP

NER

NES

NET

NEF

NEÇ

NEŞ


NETIJE , [neti:je], Bir zat barada edilýän iň soňky jem, many. Guramaçylykly başlanan iş gowy netije berdi («Bahar»). Meniň ýaňky hiňlenmegim, aýdym aýtmagym hem göwün göçgüninden gelip çykýan bir netije (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Duýduryşymyň netijesini haýal etmän habar berersiňiz! («Tokmak» žurnaly).


NETIJEDE , [neti:jede], «Ahyrynda, diýmek, şeýlelikde, şunlukda» diýen ýaly many berýän, netije çykarmagy, jemlemegi aňladýan giriş sözi. Netijeda, olaryň sapan garpyzlary möhletinden 20 gün öň ýetişdi («Mydam taýýar» gazeti).


NETIJELI , [neti:jeli], Netijesi bar bolan, netije berýän, derekli. Okatmak işini netijeli etmäge çalyşýardy (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirea, Pedagogika). Netijeli iş. Netijeli hereket etmek.


NETIJELILIK , [neti:jelilik], Netijesi barlyk. netije berijilik, dereklilik.


NETIJESIZ [neti:jesiz], Netijesi ýok bolan, netije bermeýän, biderek. Gitleriň islegi, düzen plany, Netijesiz galar, çyksa-da jany (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Netijesiz iş.


NETIJESIZLIK , [neti:jesizlik], Netijesi ýokluk, netije bermezlik, boşluk, dereksizlik, bidereklik.


NE'TTO, Harydyň sap agramy, gapsyz, daňysyz arassa agramy, çekimi.