SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NEB

NEW

NEG

NED

NEJ

NEÝ

NEK

NEL

NEM

NEN

NEO

NEP

NER

NES

NET

NEF

NEÇ

NEŞ


NEWRALGIÝA, med. Nerw damarlarynyň belli bir böleginde bolýan agyry. Dürli newralgiýalara Arçman suwy örän peýdalydyr (M. G. Berdigylyjow, Türkmennstanyň kurortlary).


NEWRASTENIÝA, med. Nerw snstemasynyň kuwwatsyzlanyp bozulmagy netijesinde emele gelip, ýadawlyk, gaharjaňlyk ýaly näsaglygy döredýän nerw keseli.


NEWRIT, med. Nerwiniň simlemegi, nerwiniň çişmegi.


NEWRO’Z, med. Nerw sistemasynyň ýa-da belli bir organ nerwleriniň keseli.


NEWROLOGIÝA, Haýwanlaryň hem-de adamlaryň nerw sistemasynyň ösüşiniň, strukturasynyň we funktsiýalarynyň meselelerini, şonuň ýaly-da nerw dokumasynyň biohimiki düzümini öwrenýän ylymlaryň jemi.


NEWROPATALOG, Newropatologiýa boýunça spetsialist, nerw keselleriniň wraçy.


NEWROPATOLOGIK, Newropatologiýa degişli bolan. newropatologiýa esaslanýan.


NEWROPATOLOGIÝA, med. Nerw sistemasynyň keselleri hakyndaky taglymat.