SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NEB

NEW

NEG

NED

NEJ

NEÝ

NEK

NEL

NEM

NEN

NEO

NEP

NER

NES

NET

NEF

NEÇ

NEŞ


NEP, kön. s. Peýda. Şumy seniň öýüňize nepiň? («Pioner» žurnaly). Nepini bilmedik ýerden är bolmaz, Gury sözi otarmakdan ker bolmaz («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Dostuňy egleme, nepden galmasyn, duşmanyň saklama, syryň bilmesin (nakyl).


NEPES, kön. s. ser. D e m.


NEPIS, [nepi:s], Inçeden edilen, çeper, näzik, owadan, kaşaň. Aýnanyň syratly göwresi nepis çekilen surata çalym edýär (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň nepis barmaklaryny eliniň aýasynda oýnap, sadalyk bilen gysyşdyrdy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


NEPISLIK, [nepi:slik], Çeperlik, näziklik, kaşaňlyk, owadanlyk. Keşdeleriň inçeden nepisligi uly adamynyň işini ýadyňa salýar («Pioner» žurnaly).