NEŞ |
NEŞDER, 1. Ujy ýiti dilkaw pyçajyk, çaklaňja hirurgik pyçajyk, skalьpelь. 2. Ary, möý, ýylan ýaly käbir mör-möjekleriň çakýan organy.
NEŞE, 1. ser. T i r ý e k. Niçeler köp çekdi neşe hem meňi, Gaýgyda gan eňräp, bolmady deňi (N. Pomma, Saýlanan eserler). 2. Tirýek, çilim, meň we başga zatlar esasynda ýüze çykýan keýp, lezzet. Wolostnoý bilen arçyn neşeleri bozulany üçin, gök çaýa ýaňadan-dan başladylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). <> Neşe bilmek keýp bilmek. Öňde-de biri sapakçanyň boş gabynyň içine daş hem aňry-bäri dykyp biline guşanar eken, şony hem özüne neşe biler eken (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). <>Neşesi ýetmekmazaly keýp etmek. <>Neşesini uçurma k keýpini bozmak, keýpini gaçyrmak, gynandyrmak. Başyňa döneýin neme jan, sen meni gorkuzyp, neşämi uçurdyň («Tokmak» žurnaly).
NEŞEBEBT, ser. Tirýekkeş. Onuň neşebent ýüzi has-da mürşerdi, egni gysyldy Ahmedi Oraz han bilen gadyrly görüşdi, neşebent sypatyna garady (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).
NEŞEBENTLIK, ser. Tirýekkeşlik. NEŞEKEŞ, ser Tirýekkeş. Neşekeşleriň,sany gün-günden azalýar. NEŞEKEŞLIK, ser. Tirýekkeşlik. Neşekeşlik sagatlyk üçin örän erbet zatdyr.
NEŞELI, 1. Tirýek çekmek zerarly neşesi, keýpi bar bolan. 2. Keýpli, gyzykly, lezzetli. Ol hem keşeli köwüşleri geýmegi gowy görýär (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Öňden gelýän troýka örän neşeli (L. N Tolstoý, Saýlanan eserler). 3. Timar berlen, daş görnüşi sypaýy.
NEŞEHOR [neşeho:r], ser Tirýekhor. Neşehor adam.
NEŞIR, Metbugatda çap edilýän eser. Şygyrlaryň, powestleriň aýry-aýry ýygyndysy neşir edildi («Sowet edebiýaty» žurnaly). VIII asyryň başynda Hytaýda dünýäde iň gadymy gazet neşir edilmäge başlanypdyr (Orta asyrlar taryhy).
NEŞIRÝAT [neşirýa:t], Metbugat eserlerini, kitap we ş. m. çap edip çykarýan edara. Kommunistik partiýamyz neşirýat işlerine ullakan ähmiýet berýär («Sowet Türkmenisgany» gazeti). Ýazyjynyň bu eserini Moskwa- da çagalar neşirýaty hem aýratyn kitapça edip çykardy (Ü, Ysmaýylow, Powestler).
NEŞIRÝATÇY , [neşirýa:tçy], Neşirýat işgäri. |