SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NEB

NEW

NEG

NED

NEJ

NEÝ

NEK

NEL

NEM

NEN

NEO

NEP

NER

NES

NET

NEF

NEÇ

NEŞ


NERW, anat. 1. Kelle we oňurga ýiliginden şahalara bölünip gidýän, sistema emele getirýän, organizmiň işlenşini dolandyrýan näzijek ösüntgileriň — euýümlerin biri. Adamlaryň beýnisi orta hasap bilen 15 million nerw öýjüklerinden ybaratdyr («Mydam taýýar» gaýaeti).

2. Adamyň häsiýetini, organizmiň işleýşini kesgitleýän şu organlaryň sistemasy, jemi. Arakesme wagtynda okuwçynyň nerw sistemasynyň hem dynç almagyny üpjün etmek gerekdir (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirew, Pedagogika).


NERESSE, I. Kämillik ýaşyna ýetmedik, ýaşajyk. Üşerişip dur neresseler («Görogly» eposy). Sen neresse çaga ýaly (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 2. göç. M. Biçäre, görgüli. Neresse nähili jepa çekdi (B. Pürliew, Ilkinji gün).


NERKES, bot Ak ýa-da sary gülli owadan bag ösümligi.

<> N e r k e s  gözli — ser. G ö z. Sözle dostum, ne iş düşdi başyňa? Aýlanaýyn gara nerkes gözüňden («Türkmen halk şahyryna döredijiligi»).


NERME, Döwek döwlende harmanyň daşyna halkalanyp aýlanan däne gatyşykly saman üýşmegi. Harmanyň nermesi.


NERREK , Bezeg şaýlarynyň ýüzüne her hili görnüşdäki deşikler deşmek üçin ulanylýan gural, ussa şaýy.


NERRIK, Hamyň iç ýüzünden döreýän agyrysyz düwün, mäz.


NERT, Dos-dogry, dik ösen tut çybygy.