SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NEB

NEW

NEG

NED

NEJ

NEÝ

NEK

NEL

NEM

NEN

NEO

NEP

NER

NES

NET

NEF

NEÇ

NEŞ


NENEŇ, «Nähili?, nätüýsli?, neneňsi?» ýaly many aňladýan sorag çalyşmasy. Siz neneň meni şoňa bermege dözjek? (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýeri indi seniň eliň neneň? («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NENEŇ-NIÇIK: nenek-niçik bolýança —  bellisi bolýança, bir ýanalak bolýança, netijesi belli bolýança. Artyk Halnazaryň karam bijesinden gaçaglap, neneň-niçik bolýança şähere düşdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ine, siz neneň-piçik bolanlygyna aýlanyp düşündiňiz (A. P, Çehow, Saýlanan eserler).


NENEŇSI,  ser. Neneň. Ol  öýleriniň gapysyda neneňsi  baranyny hem duýmady (B. Gurbanow, eserler). Otursam-tursam — Neneňsi bolduka?! — pikir edip ýörün (A  Durdyew, Saýlanan eserler).


NENETSLER, RSFSR-e girýän Nenets, Ýamalь we Tamyr okruglarynyň ýerli halky.