SÖZLÜG ; J- HARPY;
JYB


JYBAR [jyba:r], Çalaja sepeläp ýagýan gubarly ownuk ýagyş, çisňäp duran howa. Sabyr geçmänke, jybar ýagşa öwrüldi («Mydam taýýar» gazeti). Yzly-yzyndan akyp meniň göz ýaşym, Ýyly jybar ýaly guýuldy ýere («Sowet edebiýaty» žurnaly).

JYBARLAMAK [jyba:rlamak], Çalaja sepeläp gubarly ownuk ýagyş ýagmak, çisňäp durmak. Gün ýerden bir az saýlanandan soň, jybarlap ýagýan ýagyş ýeriň ýüzüni ýylmap, tozanyny ýatyrdy-da, diňdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Howanyň heniz hem şol jybarlap durşudy. (B Seýtäkow, Doganlar).