SÖZLÜG ; J- HARPY;
JYR


JYRK, gepl. d Bütinleý, tüýs, baryp ýatan. Sopy, sen-ä, gaýta, jyrk parsa tutduň-ow. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gynnagyň jyrk sary kirpigini sürmeletmäge oturany-da şoldy welin, goňşy arteliň fotografiýasynda bir gopgun turdy («Tokmak» žurnaly).


JYRKYLDAMAK, Jyrkyldyly ses çykarmak, jyrkyldyly seslenmek.


JYRKYLDATMAK, Jyrkyldy döretmek, jyrkyldy getirmek, jyrkyldyly seslendirmek.    Gapynyň klidini jyrpydatmak.


JYRKYLDAŞMAK, Yzly-yzyna jyrkyldamak, bir  ýerde jyrkyldamak.


JYRKYLDY, Sagat mehanizmi we ş. m işlän wagt-da eşdilýän ses: Sagadyň jyrkyldysy.


JYRLATMAK, gepl. d Ýyrtyp goýbermek, ýyrtmak. Börügine ýapyşan el onuň gyňajyny parran jyrladyp göberdi.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Mata bölegini ýyrtmak   Matany jyrmak.


JYRMAK II, gepl d. Gaçyp gitmek, gorkup ökjäni götermek. Gorkuly ýerden jyrmak.


JYRRARYLMAK, gepl. d. Aýak aldygyňa gaçmak, bar güýjüň bilen ylgap gitmek. Ýeke keýigiň jyrrarylyp, arany açyp barýanyna Annagyň gözi ildi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Atçapar häzir şularyň jyrrarylyp gaýdan ýerindedir (G. Gurbansähedow, Suraý).



JYRRYLDAMAK, Ýyrtylyp jyrryldyly ses çykarmak, jyrryldyly seslenmek.


JYRRYLDY, Mata-marlak ýyrtylanda çykýan ses, käbir guşlaryň we ş. m. sesi. Mamanyň horruldysy, çyrlagyň jyrryldysy olaryň gulagyna ilmedi (B, Kerbabaew, Aýgytly ädim).


JYRTLAMAK, ser. J y z z y n l a m a k.


JYRTLAŞMAK, ser. J y z z y n l a ş m a k. Häzir bolsa ol agaçlaryň arasynda eýesiz eşekler jyrtlaşyp ýörler («Tokmak» žurnaly).