SÖZLÜG ; J- HARPY;
JYK


JYK [jy:k], Pamygyň süýümini çigidinden saýlaýan agaç gural. Juwazyma ok bolmasa, ik bolar, Bölekleri çarh ýa-da jyk, bolar («Tokmak» žurnaly).


JYKGYLDY, Sagat işläninde döreýän ses, emele gelýän ses. Sagadyň jykgyldysyndan   başga ses ýokdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JYKJYK [jy:kjy:k], zool. Tomzaklar maşgalasyn-dan bolan, tomzaga meňzeş kiçiräjik möjek. Şondan soň olar jykjyk ýaly zol gatnap ugrapdyrlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JYKLAMAK [jy.-klamak], 1. Pagtany jykdan geçirip arassalamak.

2. Ogrynça garamak, özüni görkezmän seretmek, yşyklamak. Jyklap duran ýerinden gapyny kakdy, (G. Gurbansähedow, Suraý). Gyz durlugyň deşiginden jyklap oturyşyna Annagylyjy gördi (B. Gulow, Hekaýalar).


JYKLATMAK, 1. Pagtany jykdan geçirtmek.

2. Jyklamaga mümkinçilik bermek, yşyklatmak.


JYKLAŞMAK [jy:laşmak], 1. Pagtany jykdan geçirmäge kömekleşmek.

2. Bir näçe bolup ogrynça seretmek, köp bolup jyklamak, yşyklaşmak. Gapydan jyklaşyp durmak.


JYKYR, Rewolýutsiýadan öň: derýadan, ýapdan emeli ýol bilen suw çykarmak üçin ulanylýan sada gurluşly desga.


JYKYRDAMAK, 1. Jykyrdyly ses etmek, jykyrdy döremek.

2. göç. m. Sesli gülmek, yzly-yzyna gülki sesi çykmak. Gülesi gelmese-de, jykyrdap gülen boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Çagajyklar jykyrdap gülýärler.


JYKYRDAŞMAK, Köpçülik bolup jykyr-jykyr edişmek, bir näçe bolup jykyrdamak, yzly-yzyna jykyrdyly ses etmek. Näme üçindir jykyrdaşyp gülüşýär (N. Pomma, Saýlanan eserler).


JYKYR-JYKYR, Jykyrdyly çykýan ses, yzly-yzyna çykýan gülki sesi.

<> J y k y r-j y k y r  e t m e k — ser. J y k y r d a m a k.


JYKYRDY, Köplenç agaç gurallar hereket edende, çagalar gülende çykýan ses.


JYKYRYK, 1. Tow tutmazlyk üçin iki ujy we ortasy deşilip, goýnuň boýunbagyna berkidilýän insiz ýasyja agaç.

2. Degirmeniň ortasyndaky ortasy köwek, keltejik süýbek geýdirilýän agaçjyk.


JYKYRYKLAMAK, Tow tutmazlyk üçin iki ujy we ortasy deşik agajy malyň boýnuna berkitmek, jykyryk berkitmek.


JYKYRYKLANMAK, Tow tutmazlyk üçin iki we ortasy deşilip, malyň   boýunbagyna   berkidilýän jykyryk bilen baglanmak, daňylmak, jykyryk berkidilmek.