SÖZLÜG ; J- HARPY;
JYT


JYZA, 1. Galapyn güýz aýlary ýagyşdan soň, doňaklyk zerarly emele gelýän gyraw, burjy. Ol gögertgiler jyza gaplanyp, buz bolup durýardylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Adamyň tenine dörýän saryja kiçijik düwürtijek.

3. gepl. d. Saça düşýän sirke. Onuň saçyna jyza düşüpdir.


JYZZYK, ser, Jigirdek II.


JYZZYLDY, Jyzlan we ş m. mör-möjekden çykýan ýiti ses.


JYZZYN [jyzzy:n]: jyzzyn atmak — ser Jyzzynlamak


JYZZYNLAMAK [žyzzy:nlamak], Jyzzyn atmak, jyrtyk atmak, art aýagy bilen depejeklemek.


JYZZYNLAŞMAK [jyzzy:nlaşmak], Bilelikde jyzzynlamak, jyzzyn atyşmak, jyrtyk atyşmak (eşek, gylýal hakda). Taýly baýtallar, kürreli eşekler biri-birini kowalaşyp, jyzzynlaşyp, obanyň töweregini torç ederdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


JYZLAMAK, 1. Jyzzyldyly ses çykarmak, jyzzyldyly seslenmek (jyzlan hakda).

2. Awuşap gaty agyrmak (ýara ýa-da tene bir zat batan wagtynda). Welmyradyň döşi jyzlap gitdi (N Jumaew, Ak maýanyň ýoly) Jyzlap agyrmak.


JYZLAN [jyzla:n], zool. Tomus aýlarynda agaçlar-da ýaşaýan gysga ömürli möjejik. Şol ýagdaý gaýdyp gelmezminen, ýa-da jyzlanyň ömri ýaly ömürlik söndügimikän? (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Onuň ömri jyzlanyň ömri ýaly gysga (Myraly).


JYZLAŞMAK, 1. Bir näçe bolup jyzlamak, bilelikde jyzlamak (jyzlan hakda). Ýaz aýlarynda jyzlanlar jyzlaşyp ses edýer.

2. Endam-janyň awuşap gaty agyrmak. Endam-jany tiken-tiken bolup jyzlaşdy, agzynyň içine öt atylan ýaly boldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


JYZYRDAMAK, 1. Jyzyrdyly ses çykarmak, jyzyrdyly seslenmek.

2. göç. m. Güne ýanmak. Şol eňegi daňylgy adam tomsuň jöwzasynda güne jyzyrdap, hatara duran döwekçilere baka azm urdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


JYZYRDATMAK, 1. Jyzyrdyly seslendirmek. 2. göç. m. Ýakyp barmak, örän gaty gyzdyrmak.


JYZYRDAŞMAK, 1. Jyzyrdyly ses edişmek. Ol aýagynyň burny bilen jyzyrdaşýan gazanyň aşagyndaky otlary pyzyşdyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bilelikde jyzyrdap güne ýanmak.


JYZYRDY, Sogan, et we ş. m. zatlar jazlananda ýa-da gowrulanda döreýän ses. Heniz jyzyrdysy ýatmadyk gyzgyn gowurmaly tarelkalar aralaşdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).