SÖZLÜG ; J- HARPY;
JYD


JYDA [jyda:], Aýra, aýralyk. Siz bilýänsiňiz, biziň gana-gaç gardaşlarymyz asyrlar boýunça biri-birinden jyda ýaşaýarlar (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Jyda düşmek (bolmak) — 1) aýralyga uçramak, biri-biriňi görmekden mahrum bolmak Arman, jyda düşdüm ol polat guşdan, Aýryldym dostlardan, ol dört ýoldaşdan (Çary Aşyr, Poemalar); 2) mahrum bolmak, aýrylmak. Onuň çep eli uzak bir gospitalda mundan on bir ýyl öň özünden jyda bolupdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JYDALYK [jyda:lyk], Aýra düşmeklik, aýralyk, aýraçylyk. Pelek aýra salsa, jydalyk düşse, Ähti-barly şir ýoldaşy gerekdir («Görogly» eposy). Men ahyr köp günläp jydalyk çeken (R. Seýidow, Bagtlylar).