SÖZLÜG ; J- HARPY;
JYG


JYGA, 1. Gylguýrugyň owadan guýruk ýelegi.

2. kön s. Şalaryň kellesine geýýän zatlarynyň maňlanyna gysdyrýan ýelege meňzeş bezegi, täç. Meniň özüm onüç-ondört ýaşymda, Tylladan jüp jygam bardyr başymda («Görogly» eposy). Başym akyldan doly, Kekejim jyga ýaly («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JYGBA-JYG: jygba-jyga gelmek — gyzza-gyzza gelmek, gyssagly wagtda, gyssag bolanda. Jygba-jyga gelende, Mamanyň sözi ýer alagandyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol iş jygba-jyga gelende, özüni ýitirip, çalam- çaş boldy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


JYGGYLDY, Suw gaýnajak bolanda we ş m. ýagdaýlarda çykýan ses.


JYGLAMAK, Jyg-jyg edip ses çykarmak, jyggyldyly seslenmek. Semawar jyglaýar.


JYGLYM, Çaglyň ownujak-ownujak bölegi. Iým daşlykda, esasan, jyglym we çäge görnüşindäki başga zatlaryň kömegi arkaly maýdalanýar (N. A. Iwanow, maldarçylygyň iň möhüm pudaklaryndan biridir).


JYGYLDAWUK [jy:gyldawuk], Jygyldysy bar bolan, jygyldap duran. Aýagy jygyldawuk gara ädikli bir adam ussahanada peýda boldy («Sowet edebiýaty žurnaly).


JYGYLDAMAK [jy:gyldamak], Jygyldyly ses çykarmak, jygyldyly seslenmek. Ýagy gaçan tigirler dynuwsyz jygyldamak bilen zeýrenýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Elini oturgyjyň sapynda goýup, güýç bilen basdy welin, oturgyç jygyldap gitdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Ýykyljak araba kyrk gün öňünden jygyldar (nakyl).


JYGYLDATMAK [jy:gyldatmak], Jygyldyly ses çykartmak, jygyldyly seslendirmek. Jygyldatman açdy jaýyň işigni («Beýik şahyr»). Aýagyndaky pyşbaga meňzeş paşmagyny jygyldatmaga durdy (B. Gulow, Hekaýalar).


JYGYLDAŞMAK [jy:gyldaşmak], Bir näçe bolup jygyldamak, köp bolup jygyldyly seslenmek.


JYGYLDY [jy:gyldy], Bir zadyň süýkeşmegi netijesinde döreýän ýiti ses.Arabalaryň jygyldysyn-dan adamlar biri-birlerine sesini eşidip bilmändirler (SSSR taryhy).


JYGYLDYK, Köne-küşül zat satylýan bazar, ýer. Dynç alyş günleri jygyldykda her hili zatlar satylýar.


JYGYLDYLY [jy:gyldyly], Jygyldaýan, jygyldy sesini döredýän, jygyldap seslenýän. Gapy birden jygyldyly ses etdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JYGYLLYM, Adamlaryň köp üýşen ýeri, üýşmeleň, uly märeke. Jygyllyma düşen ýaş, garry aýallaryň-da aňy gaçypdy, (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).