SÖZLÜG ; J- HARPY;
JYN


JYN, Dini düşünjä görä: adama her hili zyýan ýetrip bilýän mifiki jandar, al-arwah. Bu tamy jyn eýeläpdir (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

<> Jyn atlanmak — gaharyň gelmek. Näbileýin, şuny görsem, edil jynym atlanyberýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Jyny almazlyk — gowy görmezlik, halamazlyk Seni meniň jynym. almaýar («Tokmak» žurnaly).

Jyn urmak — bir zada sezewar bolmak, şowsuzlyga uçramak. Oňa näme jyn urduka (A. Gowşudow,, Powestler we hekaýalar).


JYNAZA [jyna:za], dini. Öli jaýlanmazdan öňürti, däp-dessur boýunça okalýan aýat. Uly il bolup Göroglynyň jynazasyny okap, depin etdiler («Görogly»eposy). Ony jynaza okaljak ýere eltip goýdular (B-Seýtäkow, Doganlar).


JYNLANMAK, gepl d. Gazaba münmek, gaty gaharlanmak.


JYNLATMAK, gepl. d. Gaty gaharyny getirmek, gazaba mündürmek.


JYNLY, 1 Däli, kakynly, tutgaýly (adam). Jynly adam.

2. göç. m. Gazaply, gaharjaň.


JYNLYLYK, Jynlynyň ýagdaýy.


JYNS, 1. Özüniň belli fiziki alamatlary: erkeklik, aýallyk ýa-da erkeklik, urkaçylyk, reňki we ş. m-bilen tapawutlanýan janly-jandarlaryk bir görnüşi-topary. Iki jynsdan bolan çagalary ýaş çagalykdan başlap, birlikde terbiýelemeklik maşgalada amala aşyrylýar (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika). Ol it küşgürilen ugra baka seredip, ýoldaşlarynyň özlerinden üýtgeşik bir jyns bilen söweş edýänlerşi gördi (A Gowşudow, Köpetdagyň etegýande).

 2. geol. Ýer şarynyň gaty gatlagyny düzýän, şonun ýaly-da ýeriň aşaky hem-de ýokarky gatlaklarynda emele gelen mineral. Ol gyrmança derýanyň getiren dag jynslarynyň bölejiklerinden emele gelýär (Gadymy dünýä taryhy).

<>Jynsy üýtgeme k—gylyk-häsiýeti, gep-gürrüňi, tüýsi üýtgemek. Şu günler onuň jynsy üýtgäpdir.


JYNSPARAZ, Jynsparazlygyň tarapdary. Faşislyak jynsparazlar.


JYNSPARAZLYK, Adamzadyň gelip çykyşy bilen badanyşykly jyns aýratynlygyny öňe goýýan reaktsion. faşistik teoriýa. Jynsparazlyk  ýatdyr,ak-gara deňdir. Belki, siziň üçin bu däpler geňdir (Oktýabrь ýalkymy).


JYNSSYZ, Aýylganç, gorkunç, ýakymsyz; depe saçyny üýşürýän çirkin. Bu çaga aýylganç bir jynssyz gygyrýardy («Görogly» eposy). Içerde bir jynssyz ses eşidilen ýaly boldy (A. Gowşudow, Mähri — Wepa).