SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜÇE I, kön. s. Biriniň ýa-da bir zadyň daş gabarasy, göwrümi. Oglanjygyň müçesi kiçiräk-de bolsa, özi dyp-dykyzjady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÜÇE II, kön. S. Gadymy ýyl hasaby boýunça dürli haýwanlaryň ady bilen bellenýän on iki ýyllyk tsikl. Bular garrylar ýaly ýaş hasaplaşyp, müçe sanaşyp oturmadylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MÜÇENEK, Sakgal, murt we ş. m. ýolmak üçin ulanylýan jüpdek ýaly gural. Öň etegi müçenek bilen arassalanan gyrymsy gara sakgalyny sypalady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Eline aýna, gaýçy, müçenek alyp, sakgalyna, murtuna timar berdi («Tokmak» žurnaly).