SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜRREWWET, kön. s. Rehim-şepagat, ýagşylyk, rehimdarlyk.


MÜREWWETLI, kön. s. Rehim-şepagat edýän, adamkärçiligi bar bolan, rehimdar. Meni mundan alyp gitdi, Mürewwetli jaýa eltdi («Görogly» eposy).


MÜREWWETSIZ, kön. s. Rehim-şepagaty bolmadyk, adamkärçiligi ýok bolan. Mürewwetsiz adam.


MÜREPBE, Gant goşulyp gaýnadylan miwe, ir-iýmiş. Mürepbe
boçkalara guýlup, ýurdumyzyň dürli künjeklerine iberilýär.


MÜREHET, Bir zady hödürläp edilýän teklip, çagyryş. Özüniň mürehede ýakyn adamlarynyň işdäsini açdy («Tokmak» žurnaly).

<> Mürehet etmek — teklip etmek, çagyrmak, hödürlemek. Geleweriň-de, geçeweriň!—diýip mürehet etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Myraly, seniň bir sapar hem öýüňe mürehet edeniňe men miýesser gelmedim (Myraly). Begenç başlygyň sowalyna jogap bermän ýylgyrdy, oňa mürehet etdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


MÜRZE, kön. s. Edaranyň ýazuw işlerini alyp barýan işgär, sekretarь. Oba sowetiniň mürzesidim (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Şol haty ýazan mürze oňa siňe seredende, onuň bir hili reňkiniň öçükdigini saýgardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÜRIT [müri:t], dini. Piriň şägirdi, sopy, ruhany.

Pir azman, mürit azmaz (nakyl).


MÜRRELIŞMEK, Birneme mürrelmek, mürrük bolup, mürrelip başlamak. Mürrelişen narjagazlar heniz hem sallanyşyp dur. Onuň reňki öçüp mürrelişen, häzir ukuda ýatan çagy, has hem eýmenç görünýän ýüzüne garap, turuzjagyny-turuzmajagyny bilmen, ep-esli wagt durdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


MÜRRELMEK, 1. Mürrük bolmak, mürrük bolup ösmek (gawun-garpyz, miwe we ş. m. hakda). Alma mürrelipdir.

2. göç. m. Güýji, gujury gaçmak, horlanyp kiçelmek. Ol gözüni alardyp seretdi-de, ýene öňküsi ýaly oturdy, mürreldi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Bossan eje mürrelipdir.


MÜRRELTMEK, Erkini alyp ýygyrmak, bükmek. Uky mürreldip barýan bolsa, ýatyber! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÜRRÜK,  1. Kadaly ösmezlik zerarly doly boýuny almadyk, kemter ösen, boýuny alman ýa suwsap mürrelen, ýygrylan, göýdük (gawun-garpyz, miwe hakynda).

2. göç. m. Iň gowy, iň süýji (miwe hakynda).

Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi (nakyl).


MÜRT, köns s. ser. Maslyk.

<>Mürdüni iýmek — biriniň gazanjyny iýmek. Ol atasynň mürdüni iýip ýör.


MÜRTÜK, ser Göýdük 1. Mürtük tokly. Mürtük guzy.


MÜRÜŞDIRMEK, gepl. d. ser. Mürşertmek. Unter Prişibeýew gelşiksiz ýüzüni mürüşdirip, ellerini gapdalyna gysdy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


MÜRÇE-MIÝAN [mürçe-miýa:n], kön. s. Garynja bil, inçe bil (ýaş aýal-gyz hakda).


MÜRŞERMEK, Ýygyrt-ýygyrt bolmak, ýygrylmak, çytylmak. Onuň neşebent ýüzi has-da mürşýärdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


MÜRŞERTMEK, Ýygyrt-ýygyrt etmek, ýygyrmak, çytmak, mürüşdirmek. Ol, göwnüne deglen ýaly, ýüzüni mürşerdip, naýynjarlyk bilen egniny gysdy (N. Jumaew, Ak derek).


MÜRŞÜK, Ýüzi ýygyrt-ýygyrt bolan, gasyn atyp ýygrylan. Onuň ýüzi mürşük.