SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜMKIN [mümki:n], 1. «Rugsat, bolar» ýaly sözleriň manysyny berýän modal söz. Mümkinmi, mümkin dälmi onçasyny bilemok    («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. «Bolsa gerek, ähtimal, bolup biler» ýaly sözleriň manysyny berýän giriş söz.

Şu gün howanyň sowuk bolmagy mümkin.


MÜMKINGADAR [mümki:ngadar],Ýagdaýy tapyldygyndan, aňrujy bolar ýaly bolsa,    mümkin boldugyça.

Olaryň hemmesi hasyly mümkingadar çalt hem ýitgisiz ýygnap, döwlete tabşyrmak hyjuwy bilen joşýarlar. Aşgabat oblastynyň şertlerinde suwdan tygşytly peýdalanmagyň aýratyn ähmiýeti bar, ýerde yzgary mümkingadar köp saklamak üçin ähli çäreleri görýärler («Sowet Türkmenistany» gazeti).


MÜMKINLIK, [mümki:nlik], Bir zady amala aşyrmaklyk üçin, amatly ýagdaý,  mümkinçilik. Okuwçynň mekdepden geleninde iýmäge we dynç almaga mümkinligi bolmalydyr.  (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow,  Pedagogika).

Onuň bilen arkaýyn sözleşmäge-de mümkinlik bermeýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÜMKINÇILIK [mümki:nçilik], ser Mümkinlik.

Eger şu yz ogrynyň yzy bolaýsa, onda käbir netijeler çykarmak üçin bizde mümkinçilik bolar. Dogrudan-da kolhoz ähli mümkinçilikleriň ýeridir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Siziň bilen gürrüňdeş bolmak mümkinçiligi berlenligi üçin, biz size örän minnetdar! («Sowet Türkmenistany» gazeti).