SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜNGI, At, eşek, düýe ýaly ulaglara münüp gitmeklik endigi, münüş. Müngä bolmaz, ýaz aýyna bakmasaň, Dürtünip meýdanda dursuň eşekli    (Durdy Gylyç, Goşgular).

Bu müngä ýararmyka?' — diýip, ýabyny synlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÜNDER, Biri-biriniň üstüne goýlan üýşmek, üsti--üstüne basylyp üýşen.

Haçan duşmanlaryň münder et bolup bulaşyp ýatan sansyz maslyklaryna gözüň düşende bolsa, ýüregiňe suw sepilen ýaly, az-kem içiň sowaýar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


MÜNDERILGI, Gat-gat edilip basylgy, biri-biriniň üstüne goýulgy, münder-münder edilen. Halynyň üstündäki gatbar ýassyklar münderilgiligine galdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


MÜNDERLEMEK, Biri-biriniň üstüne goýmak, gat--gat edip basmak, üýşürmek. Transportioryň üsti billen ýokary çykýan kerpiçleri ussalar çaltlyk bilen alyp, diwarlaryň üstüne münderleýärler («Sowet edebiýaty» , žurnaly).


MÜNDERLENMEK, Biri-biriniň üstüne gat-gat edilip basylmak,münder-münder edilmek. Düşenleriň arasynda biri özüniň aýratyn egin-eşigi hem elindäki çemedany we münderlenip   daşy daňlan bir desse kitap ýüki bilen bu oba täze gelen ýaly görünýärdi  (A. Gowşudow,  Köpetdagyň eteginde). Üsütne per ýassyklar münderlenen prostynaly iki sany krowatь, üsti örtülgi nahar stoly we 4—5 sany oturgyç öýüň bar bezegi şudy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÜNDER-MÜNDER, Gat-gat, biri-biriniň, üsti-üstüne, münderlenen. Nepis nagyşly Mary sandygynyň üstüne münder-münder edilip ýorganlar, per ýasyklar galdyrylypdyr (A   Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MÜNDÜRMEK, 1. Ulagyň üstünde oturtmak. Olary otuz baýtala mündürip, yzyna tirkäp    ugrapdyr. (Miraly). Gurban ony öz maşynyna mündürip, derýanyň kenaryna  çenli eltdi. (Seýtäkow, Moskwanyk ýalmy).

2. Bir zadyň üstüne çykarmak, ýokarda oturtmak.

<>Tagta   mündürmek — ser. T a g t   I.


MÜNEJJIM, kön. s. Ýyldyzlardan hasap tutup pal atýan, palçy, astrolog. Patyşa dessine münejjimlerini, gurrandazlaryny ýygnady («Görogly» eposy).


MÜNMEK, 1- Bir ýere gitmekçi bolup, ulag üstünde oturmak. Aýsoltan şol tämiz howada samoliota münmäge taýynlanýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Gyzlar gaýyga mündüler (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Bir zadyň üstüne, ýokary çykmak, üstünde oturmak. Ene mündi ejesiniň dyzyna («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Gahar-gazaba münmek — ser. G a h a r-gazap. Monah gahar-gazaba münüpdir («Mydam taýýar» gazsti).

<>Mekgesine münmek — ser. M e k g e.

Tezekli haltamy arkama alyp, mekgesine münäýendirin (N Pomma, Taýlak hyzzyn).

<>Ökjesine münmek (d ü ş m e k) — ser Ökj e.

Çopanyň: — Bas dönügi! — diýeni bilen beýleki itler onuň ökjesine münýärler («Sowet edebiýaty» žurnaly) .