SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜDIMI [müdi:mi], kön. s. Baky, mydamalyk, hemişelik, ebedi. Şöhratly baýdak, müdimi maýak («Sowet edebiýaty» žurnaly). Sen obada müdimi ýaşarsyň (B. Seýtäkow, Moskwanň ýalkymy).

<>Müdimi uka gitmek — aradan çykmak, ölmek. Ol eýýäm müdimi uka gidipdir (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


MÜDIMILIK [müdi:milik], Bakylyk, hemişelik, mydamalyk, ebedilik. Iň soňky ýylgyryp bakyşy onuň, galdy maňa müdimilik ýadygär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýaşa hoşal, müdimilik sen azat! (K. Işanow, Watan üçin).


MÜDIR [müdi:r], Edaranyň, kärhananyň we ş. m. bir bölüminiň ýolbaşçysy, bir işi dolandyryjy. Sähet ol ýerden çykandan soň, şol töwerekde mekdep müdiri bilen sataşdy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Ýolli kolhozyň maldarçylyk fermasynyň

müdiridir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MÜDIRLIK [müdi:rlik], Müdiriň käri, wezipesi. 120 diňleýji gelip, brigadirlik we ferma müdirlik bölüminde okap başlamalydy («Tokmak» žurnaly).