SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜTGEL, Nah matanyň bir sorty. Gurbanlynyň dik ýakaly gara mütgel köýneginiň üstünden ýogyn mele guşak saralgydy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Arçyn mütgel ýaly agardy (N. W. Gogolь, Eserler).


MÜTDET, Wagt, pursat. Otlynyň ugramaly mütdeti ýeten wagty Sähet: — Ýigitler, abraý üçin çalşyň! — diýdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Men bugdaýa iň gerekli mütdetinde iki sapar suw berip biljekdigimi şu ýylň işinde öwrenip bildim (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Her bir işiň güni-sagady, mütdeti bar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÜTRÜK, zool. Sakyrtgalar otrýadyndan bolup, haýwanlara, guşlara düşýän möjejik. Gizläp bolar ýaly, ol beýle ownujak möjekmidi, sakyrtga ýa-da mütrük ýalymydy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).