SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜÝN, Edilen etmiş zerarly döreýän utanç, aýyp, ýazyk.

Ol özünde heniz hem müýn bardyr öýdenok (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýaş ýigidiň ýüzünden müýn perdesi syryldy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


MÜÝNLI, Kemçiligi bar bolan, aýyply, ýazykly, etmişli, utançly. Müýnli çaga ýaly ýüzüni aşak salan Begenç emaý bilen gabagyny galdyrdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ol müýnli görnüşi bilen maşynyň kuzowyna mündi. Nepes müýnli görnüşde jaýa girdi-de, öňe ýöremäge aýagy diýen etmeýän ýaly bolup, iç işikde saklandy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol özüni bir hili müýnli ýaly syzdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň soňky sözleri müýnli ýaly bolup çykdy (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy).


MÜÝNLÜLIK, Aýyplylyk, ýazyklylyk, etmişlilik, utançlylyk. Pökgen agany gözläp, öýlerine bardym, Bahar oturan eken — diýip, Wüşi kel müýnlülik bilen gaňrylyp, gapa seretdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Habary ýok onuň eden işinden, Müýnlüligi bildirip dur daşyndan («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÜÝNSÜZ, Müýni ýok, etmişi bolmadyk, aýypsyz, ýazyksyz, kemçiliksiz. Aýsoltan, bir müýnsüz gözel bolmaz diýen ýaly, belki bir kemçiliksiz adam hen azdyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


MÜÝNÜRGEMEK, Müýnli bolmak, ýazykly, etmişli halda görünmek, utanjyramak. Müýnürgemekden Ýolli bizar, özüni öwüp başlady («Tokmak» žurnaly). Öz beren jogabymyň ýüzleýdigine müýnürgäp ýylgyrdym («Kolhoz günleri»).


MÜÝ1NÜRGENMEK, Özüňi müýnli duýmak, özüni aýyply, etmişli hasap etmek, öz etişiňi, aýybyny bilmek. Ol öz başyndan geçenlerini we duýgularyny awtora gürrüň bereninde, birjik-de müýnürgenmeýär. Açyk äpişgäniň öňünde ýene Müýnürgenip, ýuwaş aýak çekdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÜÝNÜRGETMEK, Müýnli etmek, müýnlüdigini bildirmek, müýnüni aýdyp utandyrmak. Olar jakgyldaşyp gülüşdiler, Ogulgözeli müýnürgetdiler. Emma atasynyň aýalyna söýgi bilen seretmegi, ony bir hili müýnürgetdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim)