SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜLEMME, Bir giden, ähli, tutuş, bütin. Mülemme daýhanyň garşysynda Eziz nämedir? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÜLK, 1. Emläk, ýer, baýlyk. Kolhozyň mülküniň öz mülkümizdigine biz ýaşlar gowy düşünýäris (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Eziz Watanym bar, gülleýän mülküm bar (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Baýlaryň ata-baba öz mülkleri hasap edip, eýeläp eýelýän üzümli haýatlaryny garyplara paýlap berdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. göç m Ýurt, ülke. Eý, sowet mülküniň batyr goşuny, Gutly bolsun on bir ýyllyk baýramňyz! (Mollamurt, Saýlanan eserler).


MÜLKDAR [mülkda:r], kön s. Ýer eýesi, mülk eýesi, pomeşik. Nebisjeň baýlar ýok, zalym hanlar ýok, Mülkdar ýok hem ezilýän jandar ýok («Oktýabrь ýalkymy»).


MÜLKIÝA, kön. s. Mülk, mülke degişli.


MÜLHIT [mülhi:t], Ezenegini agdyryp ýörän, ebti agan, sölpi, süpüdik. Eziz meni ýoldan yzyma gaýtaryp — Bar-da, şol mülhidi alyp gaýt' — diýdi (B , Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sen öz akylyň bilen iş göreňok, seniň başyňy aýlan bir mülhit bar («Sowet1 edebiýaty» žurnaly).