SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜŇ, 1000 Tsifriniň ady we onuň mukdary. «Täze durmuş» kolhozynyň müň adam ýerleşýän kluby hem onuň gapdalynyň kitaphanasy boljakdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Müň gaýgy, bir iş bitirmez (nakyl).


MÜŇBAŞY, köne. S. Oktýabrь rewolýutsiýasyndan ozal: müň esgere ýolbaşçylyk edýän komandir. Şol bize müňbaşy bolup gitdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÜŇZEMEK, Öňe tarap hereket etmek, öňe omzamak, öňe sürünmek. Kombaýnlar müňzäp giň kartalarda, Döwek maşynlarnyň demi köşänok («Sowet edebiýaty» žurnaly). Örküç-örküç tolkun ýaýkanyp, müňzäp, Pagşyldap kenara tarap sürünýär (A. Atajanow, Arzyly myhman). Eje, sen zady gaýgy etme, ynha bulьdozer gelip bir müňzär welin, köçeler edil süpürilene döner! (B. Kerbabaew, Nebitdag).


MÜŇZEŞMEK, Bilelikde müňzemek, öňe tarap hereket edişmek, öňe omzaşmak. Günortadan agyr çal bulutlar müňzeşip gelýärdiler («Mydam taýýar» gazeti). Jeýhundan böwede çenli aralykda eýýäm ägirt gämiler baržalar müňzeşip ýörler («Pioner» žurnaly).


MÜŇÝYLLYK, 1000 ýyl aralygyndaky, içindäki döwür,wagt. Ol biziň eramyzdan ozalky birinji müň-ýyllykda ýüze çykdy («Mydam taýýar» gazeti).


MÜŇKÜLDEMEK, Herekete gelmek, gymyldamak. Halnazaryň dodaklary müňküldedi, ýumrugyny ýokary gydyryp, galjak ýaly göründi (B. Kerbabaew, Aýgytly äwdim).

<> Ýürek müňküdemek — ser. Ýürek I.

Biziň bolsa ýüregimiz münküldäp dur («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÜŇKÜLDETMEK, Herekete getirmek, hereketlendirmek, gymyldatmak. Ol agzyny yzly-yzyna müňküldedip, ýene küşt göçmek bilen, tüýkürmegi unudýar (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).  Çagalaryň bir näçesi sallançakda gözjagazlaryny güldürip, dodajyklaryny münküldedip, hysyrdaşyp ýatyrdylar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol burnuny müňküldedip, teýeneli söz aýtdy. (B   Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÜŇKÜLDEŞMEK, Bilelikde muňküldemek, hereket-de boluşmak, gymyldaşmak.

Onuň bir näçe günläp syrylman hüjjerip duran sakgalynyň aşagynda damarlary müňküldeşip başlady (A. Gowşudow, Köpegdagyň eteginde).


MÜŇKÜLDI, Birsydyrgyn bolýan ýuwaş gymyldy,hereket. Men-ä munda hiç hili gymyldy, müňkuldi syzan däldirin.


MÜŇKÜR, Bir zada ýa-da birine doly ynam etmeýän, şöübhelenip ýören. göwni  iňkisli, betgüman. Ol kime müňkür boljagyny bilmedi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde ).

Artyk oňa müňkür garaş bilen seretdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÜŇKÜRLENMEK, Müňkür bolmak, müňkürlik etmek, iňkislenmek, betgümanlyk etmek, şübhelenmek. Ýa Söýnüň ýasama süýji sözleri Esas berdimikä müňkürlenmäge?! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Onuň indi özi hem hatyň güýjüne müňkürlenip, keýpi bozuldy ( N. Saryhanow , Saýlanan eserler).


MÜŇKÜRLIK, Müňkür bolmaklyk, betgümanlyk, şübhelilik, iňkislik. Bu sözden meniň ýüregimde müňkürlik peýda boldy. (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Müňkürlik gowy zat däl, göwnüme bolmasa, olar başlyklarynyň hem gybatyny edýän ýalydylar. Ýagşy söz ýylany hinden çykarsa, müňkürlik adamyny sandan çykarýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Onuň agy köp-len gözleri Hojama müňkürlik bilen garaýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÜŇKÜRÇILIK, ser. Mü ň k ü r l i k.


MÜŇLERÇE, Bir näçe müňden ybarat bolan, müňläp--münläp. Müňlerçe ýyllaryň geçmegi bilen hem-de ýeliň we gaýry tebigy täsirleriň netijesinde uly Balkanyň sürtelen ýaly kese gaýalary, onuň eteginde bolsa şäheriň belent jaýlary, görnüp başlady. Gülzarlyga öwrülen müňlerçe gektar ýaýlada kolhozlaryň we sowhozlaryň mallary sonarlap gezýärler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÜŇLÄP-MÜŇLÄP, ser. Müňlerçe. Daýhanlar müňläp-müňläp girdeji alýarlar.