SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÜB

MÜW

MÜD

MÜJ

MÜZ

MÜÝ

MÜL

MÜM

MÜN

MÜŇ

MÜR

MÜS

MÜT

MÜF

MÜÇ

MÜŞ


MÜŞGIL [müşgi:l], Kyn, kynçylykly, agyr, çylşyrymly. Çözmesi örän müşgil mesele (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Söýgülisini eline getireniň hem müşgil işi bolarmy1? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Öňki soraýşyňa jogap tapmak müşgil, ine, bu soragyňa jogap aňsat (A. Gowşudow, Eserler).


MÜŞGILLIK [müşgi:llik], kynlyk, kynçylyk.

MÜŞGILÇILIK  [müşgi:lçilik], Müşgillik.


MÜŞDEK, Ujypsyzja azyk zapasy, bogdak (un, galla hakda). Müşdekleriňizi gaýgyrmaň-da, çörek bişiriň!   («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Kimler müşdek gamyny, kimler pälesiniň  aladasyny  edip, öz ýanyndan içini gepledip ýatýardy  (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÜŞDERI, kön. s.  1. Iş bilen gelip-gidip durýan, satyn alyjy, zakaz beriji (adam). Dermançy gelen müşderä pugta seretdi.

2. kön. S.  Ýupiter planetasy.


MÜŞDÜK, Kagyza bükülen, oralan temmäki, sigaret gysdyrylyp çekilýän turbajyk görnüşli enjam. Ýerinden turup, ýasan mahorkasyny müşdügine ötürip otlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol maňa ýadygärlik bir müşdük berdi.


MÜŞK, Sugunlar maşgalasyndan bolan kabarga haýwanynyň mäzinden edilýän ýiti ysly madda, atyr. Aýnanyň müşk ýaly kükeýän ysy Artygy beýhuş etdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MÜŞKI-ANBAR, ser. M ü ş k.

Tapgyr-tapgyr öwüsýän güýzüň şemaly, Getirýär burnuna müşki-anbary (N. Pomma, Saýlanan eserler).