SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WAD

WADA  [wa:da],  Bir  zady ýerine ýetirmekde  we ş. ýagdaýda  meýletinlik bilen berlen söz, äht.

Piotr, siz arkaýyn boluň, siziň beren wadaňyzy ýalana çykarman. (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


WADALAŞMAK [wa:dalaşmak], Bir işi ýa bir zady ýerine ýetirmek, ýa-da ýerine ýetirmezlik we ş. m. üçin wada edişmek, biri-biriňe söz berişmek. Ýokary bilim alyp çykmagy olar bir wagt wadalaşypdylar (A. Gowşudow,Köpetdagyn eteginde).


WADALAŞYK [wa:dalaşyk], Edilen wada, deslapky gepleşikler esasyndaky berlen söz.


WADALY [wa:daly], Wada edilen, wada berlen.

Wadalysy gelen adam garçygaý guş ýaly dalmynyp otyr.(«Görogly» eposy). Wadaly ýigidiň wadasynda  tapymagy gerek.


WADASYZ [wa:dasyz], Wada edilmedik, wada beriilmedik.

Duşuşmak meselesi iň soňunda wadasyz galdy.


WADYRDAMAK, Çalt-çalt düşnüksiz gürrüň etmek, sözlemek.

Ol gapydan giren badyna wadyrdap başlady.


WADYRDAŞMAK, Çalt-çalt düşnüksiz gürrüň edişmek, sözleşmek.


WADYRDY, Çalt aýdylyp düşnüksiz edilýän gürrüň gepleýiş.