SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WAK


WAKA, [wa:ka:], Bolup geçen ýa-da bolup duran hadysa, ýagdaý.

Ine, onsoň uruş wakalaryndan gürrüň başlanýar (A. Gowşudbw, Mähri—Wepa). Bu waka okuw ýylynyň başynda bolupdy («Pioner» žurnaly).


WAKANSIÝA, Eýelenmedik wezipe, boş duran wezipe, işlemäge boş ýer.


WA'KSA, Gura, ýag we mum garylyp taýýarlanylýan, gaýyş aýakgap ýaglanylýan gara ýag, reňk, krem.


WAKTSI'NA, med. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin deslap sançmakda we keselleri bejermekde ulanylýan preparat.


WAKYGA [wa:kyga], ser. Waka.


WAKRDAMAK, 1. Şowhunly, galmagally, sesli gülmek, wakyrdyly gülmek.

2. Wakyrt-wakyrt edip seslenmek, wakyrdyly ses çykarmak. Men baryp wakyrdap gygyraryn. («Türkmen ertekileri»).


WAKYRDAŞMAK, 1. Şowhunly, galmagally, sesli gülüşmek, wakyrdyly gülüşmek.

2. Wakyrdyly ses eşidilip, çykyp durmak.


WAKYRDY,1. Şowhunly- galmagally gülki.

2. Demir, gap-gaç we ş. m. zatlaryň gaçmagyndan, biri-birine degmeginden ýüze çykýan ses.