SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WAR


WARAK I, Hatardan çykan, ulanmadan galan, könelen, çagşan, haraplanan, zaýalanan, döwük.

Warak gapy onuň elinden sypyp, şarkyldap gitdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Oňa bir warak, taşlandy dutar satyn alyp berdiler (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


WARAK II, kön. s. Bir tagta kagyz, sahypa.

Depderimiň ortasyndan waragy düşüpdir.


WARWAR, tar. Gadymy greklerde, rimlilerde: keseki ýurtly, gelmişek. Warwarlaryň çozup girmekleri netijesinde Rim synypdyr (Gadymy dünýä taryhy). Warwarlaryň (rimli dälleriň) hüjümleri gul eýeçilikli döwletiň heläk bolmagyny çaltlandyrypdyrlar (SSSR taryhy).


WARWARI'ZM, Başga bir dilden alnan söz ýa-da aňlatma.


WARE'NÝE, Şekerde gaýnadylyp bişirilen miwe, murepbe.


WARIA'NT, Bir zadyň üýtgeşik görnüşi, durli görnüşi, kitabyň, proýektiň, planyn we ş. m. aýry-aýry görnüşi.

Klassyk şahyr Mollanepes «Zöhre—Tahyryň» türkmen wariantynyň awtorydyr.


WARK-WARK, ser. W a r k y l d y.


WARKYLDAMAK, Wark-wark edip seslenmek, warkyldyly ses etmek. Gurbagalar warkyldaýardylar.


WARKYLDAŞMAK, Wark-wark edişmek, warkyldyly ses edişmek. Gurbagalar warkyldaşýarlar.


WARKYLDY, Gurbaganyň we käbir guşlaryň edýän sesi.


WARRYK, Gepiniň, gurrüňiniň ugry bolmadyk, ugur-syz, gorkak.


WARRYLDAMAK, 1. War-war edip seslenmek, warryldyly ses etmek.

Asmanda hem görünmän, Warryldap ses edýärsiň («Mydam taýýar» gazýeti). Asmanda samoliot warryldaýardy.

2. gepl. d. Ugursyz, bolgusyz gürlemek, lakgyldamak. Gepiniň, gürrütsiniň, ugry hem ýok, ýöne warryldap otyr.


WARRYLDATMAK, War-war etdirmek, warryldyly seslendirmek. Motoryny warryldadyp, her gün diýen ýaly şu köçeden geçýär.


WARRYLDY, 1. Dürli maşynyň motoryndan çykýan güwwüldili gaty ses. Elektrik motorynyň warryldysy uzyn gijeläp ýatmady.

2. Ugursyz, bolgusyz gurruň, lakgyldy.


WARSAKY, Biderek, boş sözler, bolgusyz gürrüň, ýaňrama.

Olar oňa-muňa kakdyryp, biri-birine degşip, bir salym warsaky sözler uruşdylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýönekeý warsaky gürrüňleriň söýgä, hakyky söýgä öwrülip gidenini özleri-de duýman galdy-lar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


WARSYLDAMAK, Warsyldyly ses etmek, warsylyly seslenmek.


WARSYLDY, Güýçli howa zerarly çykýan batly ses.