SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WAG

Wagyldamak, Wagyldyly ses etmek, Wagyldyly ses çykarmak.

Märekäniň waggyldap çykýan sesi asmana göterildi.


Wagyldaşmak, Baggyldyly seslenişip durmak.

Wagyldaşyp durmaň-da öýli-öýüňize dargaň!


Wagyldaly, Köp mukdardaky suwuň ýokardan aşak inendäki  ýa-da üýşen märekäniň,  köp guşuň  we ş.   m, galmagally çykýan güňleç sesi.


WAGLAMAK, Wag-wag edip ses çykmak. waggyldyly ses çykmak.

Sil suwunyň waglap akýan sesi uzakdan eşidilýärdi.


WAGLATMAK, Waggyldyly ses çykartmak, waggyldy ly seslendirmek.

Üstümizden bir bedre suwy wagladyp guýdular.


WAGO'N, Ýük daşamak we ýolagçylary gatnatmak üçin parowoza tirkelip ýöredilýän transport serişdesi. Biz ertir öz atlarymyz bilen wagona münmelidiris (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Wagondan düşürilen köprüler dag ýaly üýşüp durdy («Tokmak» žurnaly).


WAGONE'TKA, Dar koleýaly ýollar ýa-da asma ýollar üçin üsti açyk, ýük daşalýan platforma, ýa-da wagon, wagonjyk.


WAGRA'NKA, teh. Çoýun we reňkli metallar eredilýän şahta peji.


WAGT, 1. Filosofiýada: birsyhly hereketdäki materiýanyň dowam etmeginiň obýektiw formasy. Hemme zat şerte, ýere we wagta baglydyr.

2. Bir zadyň sekunt, minut, sagat, aý, ýyl we ş. m. bilen ölçelýän, kesgitlenýän dowamy, uzaklygy, aralygy.

Sähet hem jigitlikde ep-esli wagt gulluk etdi (A. Gowşudow, Mähri— Wepa). Özbek pagtaçylarynyň gelip gidenine bir hepde golaý wagt geçipdi («Bahar»).

3. Bir zadyň bolup geçýän döwür aralygy, sagadyň, günüň, aýyň, ýylyn çalyşýan yzygiderli dowamy.

Iş köp wagty talap edýär. Ugramak gerek, wagt garaşmaýar. Döwür, möwsüm.

Kynçylykly wagtlar geçdi.

4. Bir zadyň bolup geçýän çagy. Gyş wagty sowuk bolýar.

<> B i r wagtlar — 1) öň bir zaman, geçmişde, öňler. Bir wagtlar bolan gürrüň;

2) geljek bir zamanda, geljekde.

Gymmat wagt—iň ähmiýetli wagt, iň peýdaly, gerekli wagt, möwsüm, pursat.

Biz gymmat wagty elden berýäris (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


WAGTAL-WAGTAL, Çendan ýarym, käte-käte, käwagt, käýarym. Wagtal-wagtal ösýän şemal ýerde ýatan gury ýapraklary öz ugruna alyp gidýärdi («Pioner» žurnaly). Wagtal-wagtal aşak seredýärdim («Sowet edebi-ýaty» žurnaly). Wagtal-wagtal ýagyş ýagýardy.


WAGTLAÝYN, Belli bir wagt dowamynda bolýan, hereket edýän, hemişelik däl, az wagtlaýyn.

Maşgala wagtlaýyn peýdalanmak üçin ýer uçastogy berlipdir (Gadymy dünýä taryhy).


WAGTLY-WAGTYNDA, Belli bir wagtda, öz bellenen mütdetinde, pursatynda. Okuwçylaryň ata-eneleriň ýygnagyny wagtly-wagtynda çagyryp durmak gerekdir (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika).


WAGT-ORUN: wagt-orun düşüm — «kimde?, näme-de?» diýen soraglara jogap bolýan düşüm.


WAGTYHOŞ, Keýpi kök, hiç bir aladasyz, gamsyz, keýpli. Wagtyhoş myhman.


WAGTYHOŞLUK, Hiç bir aladasyzlyk, gamsyzlyk, keýiplilik, keýpiköklük.

Bir topar ördek şu köle gelip, wagtyhoşluk eder ekenler («Türkmen halk ertekiler ýygyndýsy»).


WAGŞY, I. ýyrtyjy, ýabany (haýwan hakda). Onuň pikiriçe, wagşy haýwanlaryň hemmesi otdan gaçarmyş (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. göç. m. Haýwan, zalym, wyjdansyz. Hiç gözi açylman wagşy talaşdan, Köp agyr asyrlar geçiren başdan (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Wagşylary gyrgyn janym, Hallymjan! (B. Kerbabarw. Aýlar).


WAGŞYLYK, Wagşylarça edilýän hereket, rehimsizlik. gazaplylyk, wyždansyzlyk.

Eziz öz wagşylygyny bütin köplüge göz edip, ýene bir gezek görkezipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


WAGŞYÇYLYK, ser. W a g ş y l y k.


WAGYZ. kön. s. Nesihat, maslahat, ündew, öwüt.

Mämmetweli sakgalyny sypap, wagyz aýtmaga durdy (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). Bazaryň ähli adamsyny agzyna garadyp, wagyz edip dur («Sowet edebiýaty» žurnaly).


WAGYZ-NESIHAT [wagyz-nesi:hat], Bir ideýany düşündiriş, ýaýradyş, öwüt-ündew, maslahat.

Zelili agzybirlik hakda-da wagyz-nesihat ýöredipdir (edebiýat). Näme üçin şol deňsizlikleriň garşysyna wagyz-nesihat   ýöretmeýärler?   (B.Kerbabaew,  Aýgytly ädim).


WAGYZ-NESIHATÇY [wagyz-nesi:hatçy], Öwüt, dew edýän adam, nesihat, maslahat berýän adam. Ol wagyz-nesihatçy adamdy.


WAGYZÇY, Öwüt-nesihat berýän adam, nesihatçy.

Gynansak-da, maňa duşany wagyzçy we ahlak okaýan  garga bolup çykdy («Tokmak» žurnaly).


WAGYR, Gykylyk, gopgun, galmagal, şowhun.

habarlar il arasynda wagyr edilip gürrüň edilýär.(A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

Uzakdan märekäniň wagry eşidilýärdi.


WAGYRDAMAK, Wagyr etmek,  gykylyk etmek, gopgun turuzmak, wagyrdyly ses etmek.

Olaryň wagyrdap sesleri eşidilýärdi.


WAGYRDAŞMAK, Wagyrdyly ses edişmek. Wagyrdaşyp oturmaň-da, öýli-öýüňize dargaň!


WAGYRDY, Märeke, köpçülik gürrüňinden çykýan galmagally ses.

Gazma gabsaly ak öýüň içinden çykýn gülki gatyşykly wagyrdyny eşitdi (B.   Kerbabaew Aýgytly ädim).


WAGYR-ŞAGYR, Wagtyhoşluk, keýpi-sapalyk edilýän şagalaň.


WAGYR-ŞAGYRLYK, Wagtyhoşluk, keýpi-sapaly üçin edilýän şagalaňlyk, oturylyşyk.

Soň gyzlar wagyr-şagyrlyk bilen geldiler.(A. Durdyew,  Saýlana eserler). Goňşy obada bir wagyr-şagyrlyk bar ýalydy. Gyzlaryň bu wagyr-şagyrlyklary şatlyk üstüne şatlyk goşdy.