SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WAT


WAT, fiz. Elektrik güýjüniň ýa-da mehaniki kuwwatyň ölçeg birligi.


WATAN, I. Dogup-dörän ýeriň; önüp-ösen ýurduň. Watanmyň bähbidin, halkyň ykbalyn, Gorap saklaýarsyň, guwanýas saňa (N. Pomma, Saýlanan eserler). Her bir watan ogly: — Öz watanyma men näme bilen hyzmat etdim — diýip oýlanar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Bir zadyň emele gelen ýeri, dörän ýeri. Sowet Soýuzy — sotsialistik rewolýutsiýanyň Watanydyr.


WATANDAŞ, Biri bilen watany, doglan ýeri bir bolan, ýurtdaş. Sowet adamlary özüniň watandaşy S. P. Kraşeninnikowy hoşallyk bilen ýatlaýarlar («Mydam taýýar» gazýeti). Meniň watandaşym.


WATANDAŞLYK, Watandaş bolmaklyk, bir watan-dan bolmaklyk, ýurtdaşlyk.


WATANPARAZ, 1. Öz watanyny, ýurduny tüýs ýürek-den söýýän.

2. gepl. d. Öz dogan ýeriniň adamlarynyň bähbidini beýleki adamlardan ileri tutýan.


WATANSÖÝÜJI, ser. Watançy.


WATANÇY, Öz watanyny söýýän, öz watanynyň bähbidi ugrunda göreşiji adam, pateriot. Krylow çuňňur watançy bolupdyr («Edebiýat»). Watançy gyzlarmyz gurap ýaryşy, Örän nepis ellik-jorap örüşi (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


WATANÇYLYK, Öz watanyna berilmeklik, öz watanyňa, halkyňa bolan söýgi, watan bähbidi üçin gahrymançylyk etmeklik, gerek ýerinde janyňy gurban etmeklik. Biziň güýjümiz adamlaryň jebisleşmeginde, olaryň watançylygynda, olaryň ruhubelentligindedir (N. S. Hruşiow, Pagtanyň  öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak ugrunda). Meniň agam Watançylyk urşunda gahrymanlarça gurban boldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


WA'TER, teh. ser. Watermaşina.


WATERMAŞI'NA, Pagta, kenep, ýüň egriji maşyn.


WATERPA'S, teh. Çyzygyň tekizlikdäki gorizontal ýagdaýyny kesgitleýän abzal (gurluşyk we neçjarçylyk işlerinde ulanylýar).


WATERPO'LO, sport. Iki komanda arasynda suwda oýnalýan top oýny.


WATI'N, Ýyly içlik hökmünde ulanylýan çal dokalan trikotaž mata.


WATRUŞKA, Ortasy süzmeli ýa-da mürepbeli tegelek galyň çörek, köke.


WATTME'TR, Elektrik togunyň güýjüni wat boýun-ça ölçeýän gural.