SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WAL


WALA-WALA: wala-wala  e t m ek—ugursyz, bolgusyz gürrüň etmek, gürlemek. Pökginiň wala-walasy ýatandan soň, Melebaýyň hem hor-hory kesilipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Honuň ýaly ýerden gelýärkä, wala-wala edip gelýän Wüşi keldi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


WALEÝKIM [wa:leýkim], ser. Waleýkimes-salam, Waleýkim, gel, Berdi aga, düşek üstünden otur! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


WALEÝKIMESSALAM [wa:leýkimessala:m], Salam berlende, jogap hökmünde aýdylýan söz. «siz hem salamat boluň» diýen söz. «Essalaämaleýkim, waleýkimessalam* diýen ajaýyp sözi her bir arap ertir ir bilen biri-birini görende gadyr bilen aýdýar («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Waleýkimessalam, gelen ýagşy (X. Ysmaýylow, Powestler).


WALENTLILIK, him. Bir atomyň wodorod atom bilen ýa-da başga bir walentli elementiň atomy bile birleşmeklik ukyby.


WALERÝA'NA, bot. Kökünden derman taýýarlanylýan: gyzgylt gülli çemen ösümligi.


WALERÝA'NKA, farm. Walerýana damjasy (derman)


WA'LIK, teh. Dürli mehanizmiň aýlanýan tsilindr oky. Çap ediji maşynyň walikleri sahypa görnüşin-de tertipli ýerleşdirilen metal harplaryň üstüne reň alyp berýer («Pioner» žurnaly).


WALLA, Öz mamladygyny, aýdýan zatlaryň dogrudgyny subut etmek, birini ynandyrmak maksady bilen edilýän kasam. ÝA walla, keýwany, şuny bildiň-o (X. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly). Päheý, walla, Artyk, sen hem garaçy mal ýaly! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


WA'LS, Iki bolup oýnalýan saldamly tans oýny ; şu tansyň sazy.


WALÝUTA, Haýsy-da bolsa bir döwletiň pul sistemasy, pul birligi.