SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WAŞ


WAŞYRDAMAK, Waşyr-waşyr edip seslenmek, waşyrdyly ses çykmak.


WAŞYRDATMAK, Waşyrdyly seslendirmek, waşyrdyly ses çykarmak. Serdaryň uzadan turşi hyýaryny waşyrdadandan soň, Kelhanyň bogazy biraz giňedi. Hümmet wolostnoý ýarty sogany waşyrdadyp çeýnärdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


WAŞYRDY, Käşir, kelem, hyýar ýaly ter zatlar iýlende şatyrdap çykýan ses.