SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WAS


WAS-WASY, Ýeldirgän ýaly bolup ýören, ugursyz gürüňleri göwnüne alýan, gaýgyçyl.

Was-wasy keselinden açan dynjak? («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» Žurnaly). Men şeýtanyň was-wasyna düşüp çykan ekenim («Görogly» eposy).


WASP, Taryp, öwgi. Dil hem galam berdi, waspyň ýazaryn, Alkyşdyr, galkyşdyr ýaşlaryň seniň (N.Pomma,  Saýlanan eserler). Adamlaryň parahatçylyk isleýändikleri wasp edilýär  («Mydam taýýar» gazýeti).


WASSA'L, tar. Orta asyrlarda  Günbatar Ýewropada:uly feodala tabyn we garaşly bolan ownuk feodal —

Ýer eýsi. Bospor patyşalary Rim imperatorlarynyň wassaly bolupdyrlar (SSSR taryhy).


WASSALLYK, Wassalyň käri, ýagdaýy.


WASSYKLAMAK,  Wassyldyly ses çykarmak.         ,

Ana açyk bir eýwanda körük wassyklap, kömürden al-ýaşyl ýalyn bulaýlanýardy  (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


WASSYKLATMAK, Wassyldyly  seslendirmek, wassyldyly ses çykarmak.


WASSYKLAŞMAK, Wassyldyly ses edişmek.


WASSYLDAMAK, ser. W a s s y k l a m a k.


WASSYLDATMAK, ser. Wassyklatmak.


WASSYLDAŞMAK, ser. W a s s y k l a ş m a k.


WASSYLDY, Güýçli howa zerarly wassyldap çykýan batly ses.


WASYRDAMAK,  Wasyrdyly seslenmek, wasyrdyly ses çykmak. Üstünden suw guýlan ot wasyrdap    öçüp galdy.


WASYRDATMAK, Wasyrdyly ses çykarmak, wasyrdyly seslendirmek.


WASYRDY, Güýçli howa zerarly wassyldap çykýan ses.