SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WAH

WAH, Adamyň içki duýgularyny, ýagny armanly galmagy, gynanjy, ökünji, gahary we ş. m. aňladýan ümlük. Wah, seniň diliň gursun, -diliň. (Myraly). Wah, Şeýtan, gözüme gör näçe garlar sowurdy    (N.    W.Gogol eserler).


WAHA,wet  Gylýallarda bolýan kesel.


WAHALY, wet. Waha keseli bilen syrkawlan (gylýal hakynda)


WAHARMAN [waharma:n], biol. Saralyp bişýän daşy torly süýji gawunyň bir sorty. Gök biýaranyň içinde waharmanlar düňderilişip ýatyr (B. Kerbabaew Aýsoltan). Göktorly, waharman, tarlawuk gawun, Ýolaňda ýarylýar, tapmasaň tabin (N. Pomma, Saýlanan eserler).


WAH-WAH,  Adamyň gynanç,  ökünç, ýadawlyk duýmak ýaly içki duýgusyny aňladýan ümlük.


WAHEÝ, ser. W a h.


WA'HMISTR, harby. Rewolýutsiýadan öň atly goşunda unter-ofitserlik çini, ady. Atlarynyň arpalaryny ogurlamaga gidende hem ýapynjasyny edil adam ýatar ýaly edip, wahmister agany-da aldardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


WA'HTA, 1. deňizç. Harby gämidäki ýörite gözegçilik edýän nobatçy, garawul.

2. Belli bir senäniň, ýa-da başga bir zadyň şanyna ruhubelentlik bilen öndürijilikli işleýiş.

Söýüşdiň mekdepde okan döwrüňden, Zähmet wahtasynda bekän, döwrüňden («Sowet edebiýaty» žurnaly).


WAHTER, Edarada durýan garawul, edara garawuly.