SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WAZ

WA'ZA, Miwe, gül  we ş.  m. zatlar salynýan süýnmek, gap.

Uly Çertomlyň gorgany agtarylan wagtynda, ajaýyp kümüş waza tapyldy (SSSR taryhy).


WAZELI'N,  Meditsinada, kosmetikada we tehnikada ulanylýan, nebitden alynýan ýag.

Käwagtlar bolsa sakgalyny ýalpyldatjak bolup, wazelin-de çalýardy. (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Daglamadan soň gabagyň gyralaryny sary reňkli simap ýagy ýa-da  wazelin bilen ýaglaýarlar .(S. K. Karanow, Beterlän iriňli agyry).


WAZZYK-WUZZUK, Diýjek zadyny açyk, düşnükli aýdyp bilmeýän adamyň dilini çolaşdyryp sözleýşi, şonuň ýaly-da çaga ýaňy dil çykaranda, dilini çolaşdyryp gepleýşi ýa-da gep organlarynyň biri ýetmezçilik edýän adamyň sözleýşi; sese öýkünmegiň bir görnüşi.

Onuň wazzyk-wuzzuk sesinden hiç kim hiç bir zat düşünmedi.


WAZZYLDAMAK, 1. Wazzyldyly geplemek, sözlemek, gürlemek.

2. Wazzyldyly seslenmek (köplenç siňek, ary, tomzak we ş. m. hakda).


WAZZYLDATMAK, Wazzyldyly seslendirmek, wazzyldyly ses etdirmek. Primusyny wazzyldadyp otdady.


WAZZYLDAŞMAK, 1. Wazzyldyly gürleşmek, sözleşmek.

Olar aňyrdan dilleri tutulyp, wazzyldaşyp geldiler.

2. Wazzyldyly seslenişmek, ses edişmek. Daş-töwerekde siňekler wazzyldaşýardylar.


WAZZYLDY, Siňegin, arynyň we ş. m. uçan wagtynda ganatyndan döreýän ses, primus we ş. m. zatlar ýananda çykýan ses.


WAZLAMAK, Wazzyldyly ses etmek, wazzyldyly seslenmek, wazyrdamak. Bäşataryň oky Ataýry gelniň depesinden wazlap geçdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sanitar maşyny wazlap barýardy.


WAZLATM.AK, 1. Wazzyldyly seslendirmek.

2. Gaty gygyrtmak, güýçli aýtdyrmak. Priýomnigi wazladyp aýtdyrýardylar.


WAZYRDAMAK, Wazyrdyly seslenmek, wazlamak. Taýak onuň üstünden wazyrdap geçdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Samoliot wazyrdap başlanda, Aýsoltan hiç bir zat duýmady (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


WAZYRDATMAK, Wazyrdyly seslendirmek, wazyrdyly ses çykartmak, wazlatmak.


WAZYRDAŞMAK, Wazyrdyly seslenişmek. Dört sany atly gapdalymyzdan wazyrdaşyp geçdi.


WAZYRDY, Ot ýa-da gyzgyn demir bilen tagma basylanda, otly kesindi zyňlanda we ş. m. zatlaryň zarbyndan döreýän ses.