SÖZLÜG ; B- HARPY;
BUD

BUDAÝAK [bu:daýak], bot. Bugdaýa meňzeş meýdan ösümligi.


BUDDI'ZM, Hytaýda, Ýaponiýada, Hindi-Hytaýda we Gündogaryň käbir beýleki ýurtlarynda ýaýran din, but-parazlyk.


BUDI'LNIK, Islän wagtyňda jyňňyrdatmak üçin gurulýan sagat.


BUDKA, Sakçy, garawul we ş. m. üçin köplenç agaç-dan ýasalýan uly bolmadyk jaý. Ak kolonkalar bilen bezelen täze, çalja budka peýda boldy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Indi işe girişmek gerek—diýip, buraw budkasyna tarap ugrady («Sowet edebiýaty» žurnaly). Eziz han Artygy şäheriň ilersindäki budkanyň ýanyndan otly ýoluny kesmäge iberdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BUDKAÇY, 1. Budkada durýan sakçy.

2. gepl.d.Kiçijik budkalarda zat satýan satyjy.