SÖZLÜG ; B- HARPY;
BUG

BUG [bu:g], Suwuklyk gyzdyrylmagy netijesinde emele gelýän çygly gaz. Ýagşyň öň ýanynda howa bug bilen dolýar (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika). Bug ustanowkasyny erbet remont eden mehanigiň üstünden şikaýat edýärdiler («Soweg Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


BUGA, zool. Öküz.

<> B u g a gelmek — höwre gelmek (sygyr hakda). Musa aga ýaňja buga gelen sary sygryň dölesini tämizläp, ýerini arassalady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BUGABASAR, zool. Üç ýaşyndaky urkaçy tüwe.


BUGARMAK [bu:garmak], Buga öwrülmek, bug halyna geçmek, bug çykarmak. Täze dogan Günüň şöhlesine meýdan çalaja bugaryp durdy («Sowet edebiýaty» žürnaly.) Palaw bolsa gazanda bugaryp duran («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Endamlarynda der bugarýan öküzleri çarhdan boşadyp, ot küdesiniň kölegsine getirdi.(M' Ibrahimow, Ol gün geler).


BUGARTMAK  [bu:gartmak], Buga öwürmek, bug halyna geçirmek, bug çykartmak.


BUGDAÝ,   bot. Dänesinden un edilýän ösümlik we un dänesi. Güýzlük bugdaý ekmäge taýýarlanmaly (A.gowşudow. Köpetdagyň eteginde). Annagulynyň kakasy bugdaý döwegine gidipdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler) arpa ekip, bugdaý orjak bolma , (nakyl).


BUGDAÝBOGUN; bugdaýa meňzeş arryk däneli ot.


BUGDAÝLYK , Bugdaý ekilen giň meýdan, bugdaý köp ekilen ýeri. Halnazar aňyrsyna gözýetmez garamtyl-gök bugdaýlygyň içini söküp barýardy.(B. Kerbabaew. aýgytly ädim).


BUGDAIRENK, Bugdaýyň dänesi bilen reňkdeş, gyzylrak-garaýagyz (adam hakda). Onýança işikden orta boýly, etlek, bugdaýreňk, ýaňy saçyndan ak giren aýal girdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Baş çopan daýaw agaç etli, arryk ýüzli bugdaýreňk adamdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BUGDAIÇYLYK- ser. B u g d a ý l y k. Ol ýerde bugdaýçylyk-da ýok (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BUGJARMAK [butjarmak], 1. ýylylyk temperaturasy zerarly bug çykmak. Bugjarýan palaw.

2. Çalarak derlemek. Ol çaý içip, bugjaryp otyrdy.


BUGJARTMAK [bu:gjartmak], 1. Bug çykartmak.

2. Çalarak derletmek. Çaý onuň endamyny birneme bugjartdy.


BUGLAMAK [bu:glamak], 1. Bir zady ýapyk gapda öz şiresi, bugy bilen bişirmek. Palawy buglamak.

2. Bir zady buga tutmak.


BUGLANMAK [bu:glanmak], 1. Öz şiresi, bugy bilen bişirilmek, buga goýulmak. Bir topar aýallar gollaryny çermäp, näme-de bolsa buglanýan uly demir gazanyň daşynda aýlanýardylar (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Buga tutulmak.


BUGRA,   zool. Iki örküçli düýe, aýry.


BUGURÇY, zool. Ýaňy işde ulanylmaga başlanan, torumdan uly, üç ýaşyndaky düýe. Düýeler, erkek, bugurçy, torumlar — hemmesi aýry tohum maldyr (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol özüniň bize ýetmiş batman bugdaýa beren bugurçysyny ýüz takal okamak bilen, iň soňunda on iki batmana aldy (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).