BUÝA
|
BUÝURMAK, Bir işi ýerine ýetirmegi tabşyrmak, buýruk bermek. Hökman zynjyr bilen daň diýip, Çoluga buýurdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). BUÝAN, bot. Köki derman etmek üçin taýýarlanylýan, köplenç derýa ýakalarynda ösýän köpýyllyk ösümlik. Ýorunjaly atyzlaryň çillerindäki buýanlary, peçekleri orup almak. BUÝANA [buýa:na], Mundan beýläk, şeýläk, eýläk. Durdy aga gaharly äheňde: Indiden buýana şeýle zat bolmasyn diýdi (J. Akyew, Mergeniň ogly). BUÝANLYK, Buýanyň köp ösen ýeri. Güljanlaryň öýa dört tarapy hyşalyk, buýanlyk, tutluk bolan mekdebiň ýanynda ýerleşýärdi (N.Pomma, Sebäbini soň bildim) |