SÖZLÜG ; B- HARPY;
BUK

BUKAW, Aýallaryň boýunlaryna dakynýan kümüşda ýasalan gaşly, şelpeli şaýy. Bilýärin, ol gyzyň ady Sülgündi, Boýny bukawlydy, ýüzi gülgündi (N. Pomma, Saýlanan eserler). Halaýyk haýran oýnuňa, Golum bukawly boýnuňa («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


BUKAWLYK, med.  ser. Ýaýjyk I.


BUKALGA, ser. B u k y. Amatly bukalga. Howpsuz bukalga.


BUKDAKLAMAK, 1. Birine özüňi görkezmezlik maksady bilen ýapyrylyp, bukulyp ýörmek,görünmejek

bolup hereket etmek.Men bukdaklap bardym-da, üstünde süýndüm (M.ÝU. Lermontow, Bizin zamanymyzyň gahrymany).  Olar oturan wagtlarynda, Wüşi kel gorka-gorka zordan ýüz—ýüz elli ädim    ýakynlaryna bukdaklap baryp bildi (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde). Gije garaňky bolsa-da, hüjüm edýäni, bukdaklaýany, gizlenip gaçýany saýgarmaga köp sanly ýyldyz şöhlesi mümkinlik döredýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Ogryn gezmek, gaçgak bolup gezmek.onda-munda iki gün bukdaklap gezeniňden soň, barlap görmek üçin çatmalaryna dolanyp geldi (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BUKDAKLAŞMAK, 1.Görünmejek bolup eglişip ýöremek, bukulyşyp ýörmek.Hany, siz hem sözüňizde

tapylyň — diýer öýdüp, Tüýli bilen Myrat ýalama hem Akmyrady gören ýerlerinde bukdaklaşyp ýörler 

(Pomma, Sebäbini soň bildim).Onuň göwnüne bolmasa öýe baka merhemetsiz  adamlar ýapyrylyşyp,   töwereklerine garanjaklaşyp, bukdaklaşyp gelýän ýalydy.(M.  Gorьkiý,  Ene).

2. Ogryn gezişip ýörmek, gaçgak bolup gezişip ýarmek.


BUKDURMAK, Ýaşyrtmak, gizletmek; bukuldyrmak. ýigitleriň bukduryp saklap duran itleri çişip seredişmäge başladylar  (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BUKJA, 1.Türkmen aýal-gyzlarynyň üç burçy eplenip biri-birine tikilen we bir burçy hem açyk, el işlerini salýan gaby. Aýaly bir köne bukjany alyp çykdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

2. Üç burçy eplenip biri-birine ýelmenen we bir burçy açyk gap. Stepanow bukjany açyp okamaga başlaýar (« edebiýaty» žurnaly).


BUKINIST;  Köne ýa-da gadymy kitaplary satyJy.


BUKUNISTIK, Köne ýa-da  gadymy kitaplary satmaklyga bolan Bukinistik magazin.


BUKMAK,1. ýygşyrmak, gizlemek. Şu dokumenti bepk ýerde bukup goý.  

2.ser. B u k u l m a k. Baştutansyz galan kazaklar we dýhanlar lagerde bukupdyrlar (SSSR taryhy)   Aljagyny bilse jüýjäni, bukup geçir gijäni(nakyl)


BUKULMAK, Başga birinden gizlenmek, gizlin ýerde ýaşyrynmak, bukmak.

Gurt, guş hem bukulýar höwürtgä, hine(«Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýoldaşlaryňdan bukulmak.


BUKULYŞMAK, Köp bolup bukulmak, bilelikde bukulmak. Çerkez, Garýagdy aga seňňeriň daş ýüzünde bukulyşyp diňleýärler   («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BUKY 1. Goranmak üçin edilen gizlin ýer, jaý, bukalga .

Bukuda rus goşunlarynyň otrýady durýan eken (SSSR taryhy) ol bir köne ýabyň egreminde buky gurady (Ž, Akyew, Mergeniň ogly).

2. Gizlin, ýaşyryn. Sümme tokaý içinde buky ýerde jaý guran partizanlara şöhrat! (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Buky ýerde sakla, gizle, berk sakla (B. Kerbabaew, Aýgatly ädim).