SÖZLÜG ; B- HARPY;
BUZ

BUZ [bu:z], Doňan suw. Iki sany duşman buzuň üstünden taýan ýaly şarpyldap gaýtdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gar kä ýerlerde buza öwrülipdi (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany). <> Büz üstünde tozan aramak — ser. Tozan.

Buz etmek — sowatmak. Sona gönükdirip pikirin-oýun, Şat hyýala çümdi buz edip çaýyn (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik).

Buza dönmek — buz ýaly bolmak, sowamak.

Sözi b u z  ýaly — ser. S ö z, Süýthorlaryň sözi buzdan sowuk-la! (Mollamurt, Saýlanan eserler).


BUZAW   I, zool. Ýeriň ýokarky ýuka gatlagynyň aşagy


BUZAW II, kön. s.Göle, höjek.Otaga gaçar buzawlar, Öňün başlar ýagşy gäwler («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


BUZGUNÇ, Aýratyn özboluşly ys berýän (täze matanyň ýa-da egin-eşigiň ysy hakynda). Buzgunç ys kükeýär ketenisinde (B. Kerbabaew, Aýlar). Aýnabadyň gyly gyrylmadyk buzgunç ysly keteni köýnegi şowurdady. Onuň ýakymly buzgunç ysy Artygyň burnuna urdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BUZLUK [bu:zluk], Buz bilen örtülen meýdan, doňaklyk. Buzluklar ägirt giň meýdanlary basyrypdyrlar (SSSR taryhy). ägirt uly buzluklar daglardan aşak syrylýarlar (Gadymy dünýä taryhy). Bu söz Uzak Sibir — buzluk taýlarda Awçylaň-da gulagyna ýetýän-dir (R. Seýidow, Bagtlylar).