SÖZLÜG ; B- HARPY;
BUR

BURAW,Towlanyp tegelek deşik deşýän burmaly gural. Ramalaryň ýüzüne buraw bilen deşilen

faner berkitmeli(«Pioner»  žurnaly). Batly eliň derdinden buraw wyşkasy, edil gäminiň bogaldagynyň güýli gaýlarda bolşy ýaly, yraň atyp jygyldaýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BURAWLAÝJY, Burawlamak işini ýerine ýetirýän, alip barýan işçi. Ýeri, ägirt uly burawlaýjy maşyn bilen üç ýyllap gazdylar (M. N. Skatkin. Jansyz tebigat). Burawlaýjy kontoralar üçin gelen enjamra eýesizlik gözi bilen garamaga uýgunlaşan («Tokmak» žurnaly).


BURAWLAMAK, 1. Bir zady buraw bilen deşme

2. Skwažina etmek üçin buraw bilen ýer gazmak. Ýolbaşçylyk edýän brigadasynyň burawlan gözleg skwa žinasy fontan atyp çykýan nebit berip başlady (Sowet Türkmenistany»  gazýeti). Burawlap böwsende ýeriň gatlagyn, Göterýär göwnümi motorlaň sesi (Ş. Boržakow, Kaspi kenarynda).


BURAWLANMAK, 1.Buraw bilen deşilmek.  

2.Buraw bilen  gazylmak. Skwažinalaryň ikisi hem çaltlandyrylan režimde turbina usuly bilen burawlandy.

(«Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BURAWÇY, ser. Burawlaýjy. Burawçylar bilen arasyn sazlap, Golaýynda suwa ýakardy malyn(Ş. Borjakow,  Kaspi  kenarynda). Kakaly burawçylar bölüminde, Üzümgül bolga ekspluatatsion bölümde okapdy.(«Sowet edebiýaty» žurnaly).


BURGOMI'STR,  Käbir Ewropa ýurtlarynda we wagtlarda Rüssiýada şäher uprawleniýesiniň baştutany. Bu naçalnige Germaniýada bolsa burgomistr diýip at beripdirler (Orta asyrlar taryhy).


BURGULAMAK, 1. Burup çümmüklemek, biriniň endamyndan towlap, gaty çümmüklemek. Meniň budumdan bir däl, iki däl burgulady (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

2. Burup, burgy salyp tow bermek. Daşyna oralan simi burgulap berkitdiler.


BURGY, 1. ýüp burmak üçin ulanylýan gural.

2. Göwreli aýallarda, çaga dogurmazynyň öň ýanynda emele gelýän ýiti içagyry. Onuň içinden burgy. tutup, çaga dogurjak bolup ýatyr (Myraly).


BURŽUA, tar. Buržuaziýa synpyndan bolan adam, ekspluatatop. Dworýanlar bilen boržualaryň, bähbitleri umumy, bolupdyr (Orta asyrlar taryhy].


BURŽUAZ, Buržuaziýa has bolan, buržuaziýa degişli bolan. Kerenskiniň buržuaz hökümeti agdaryldy. ministrleri bolsa tussag edildi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). SSSR-iň Döwlet býužeti buržuaz döwletleriniň býužetinden düýpgöter tapawutlanýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BURŽUAZI'ÝA, Önümçilik gurallaryna  we serişdelerine hususy eýeçilik etmek bilen kapitalistik jemgyýetde agalyk sürýän synp.Baý bankyrlar we täjirler täze synpy—buržuaziýany emele getiripdirler (Orta asyrlar taryhy).


BURŽUAZLAŞMAK, Buržuaziýa synpyna, häsiýetine geçmek, ekspluatator bolmak.


BURŽUAZ-MILLETÇI, Bir millet bilen ikinji bir milletiň arasynda milli duşmançylyk döretmäge synanyşýan, buržuaziýanyň ekspluatatorlyk bähbidiniň tarapyny tutýan adam.


BURJULAMAK I, Burjy baglamak. Agaçlar burjulap, suwlar doňupdi (Çary Aşyr, Poemalar}.


BURJULAMAK II, Guzlajak, botlajak bolup heläk bolmak (käbir haýwanlar hakda).


BURJY 1, Gyşyň sowuk aýlarynda daşyň, dagyň,ösümlikleriň we başga zatlaryň üstünde emele gelýän gar görnüşli doňan buz, sallanyşyp duran jyza.Köçäniň boýdan-başa ikiýan tarapyna ekilen agaçlar burjy baglap, şahalaryny aşak egip otyrdylar(«Sowet edebiýaty» žurnaly).


BURJY II, Käbir mallaryň, haýwanlaryň botlajak guzlajak bolandaky heläk bolýan ýagdaýy.


BURKI, Uzyn gonçly, ýyly, ýeňil keçe ädik.


BURMA ,Bir zady bürüp deşýän gural.


BURMAK, 1. Bir tarapa towlap towlulandyrmak. Iki simiň ujuny atagzy bilen burup berkitmek.

2. Bir tarapa towlamak, towlap berkitmek. Nurbady buranda, eýwan ýagtylandy («Kolhoz günleri»).

3. Bir tarapa öwürmek, sowmak. Şofior maşynyň ruluny çepe burdy.

4. Çümmüklemek. Urup, sögüp, endamyňdan burardy (N. Pomma, Saýlanan eserler).

5. Başga tarapa çekmek, sowmak (gepi, gürrüňi we ş. m.). Sen näme üçin meşiň sözümi başga ýana burýarsyň? (B. Kerbabaew, Aýsoltan) .

<> Boýun burmak — ser. Boýun. Bäşim rugsag bermegini ejesinden boýun burup haýyş etdi (Ž. Akyew, Mergeniň ogly).


BURMI'STR, Krepostnoýçylyk düzgüni wagtynda pomeşigiň mülküni ýöretmek üçin pomeşik tarapyndan bellenen ýolbaşçy.


BURUGSAMAK, 1. Ýanman tüsselemek, burum-burum gusse çykmak. Tarlanyň ýagdaýyny bilmäge gelýärkä, birden burugsap çykýan tüssäni görýär (B. Pürliew, ilkpnji gün).

2. Ýiti ys bermek, ys urmak. Gowrulýan etiň ysy tamdyrda bişýän çöregiň, ysy bilen goşulşyp burugsaýardy (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde)


BURUGSATMAK., Ýakip bilmäýa tüsseletmek, tüsse çykarmak. Turbasyndan tüssäni burugsadýardy     fabrik(K. Işanow, Watan üçin). Sen maňa öýkünip, bu ýerde çilimiň burugsadan bolma, men-ä çekimçi! («Tokmak» žurnaly) .


BURUGSY,  Burugsap çykýan, burnuňa urýan ýiti ys.


BURUK, Towly, towlanan, burlan.

<> B o ý n y  buruk — ser. B o ýu n.


BURULMAK, 1. Bir tarapa towlanyp tow berilmek. Inçe simlerden. burlup işilen sim urgan.

2. Towlanyp berkidilmek, towlanmak. Gowşan burma çüýler burlup berkidildi.

3. Temmi berilmek, çümmüklenmek. Ol edil öz budundan burlan ýaly boldy.

4. Bir tarapa öwrülmek, sowulmak. Ol çepe burlup, aýagyny kiçijik gapynyň birinji basgasyndan basdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

5. Başga tarapa çekilmek, sowulmak (gep, gürrüň hakda). Onýança Goçmyradyň gelmegi bilen bularyň gürrüňi başga tarapa baka buruldy (A. Gowşudow, Eserler).

6. Kemsinmek, ejizlenmek. Hile bilen size «garyp men» diýer, Şu hili möjekler il malyn iýer, Burlup gelse, boýnun towlamak gerek (Mollamurt, Saýlanan eserler).


BURUM, Burlan towlam, towlamyň bir aýlawy.


BURUM-BURUM, Towlam-towlam, buýra-buýra. Indi ol köçeden burum-burum tozan asmana galýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Saçy burum-burum bolup duran mylaýym görnüşli, güler ýüzli ýaş adamdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BURUN I, 1. Adamyň ýüzünde, haýwanyň tumşugynda ýerleşen dem alyş we ys duýuş organy. Çybyn ýolbarsyň burnundan dişläp başlaýar (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). Aýsoltan ýapragy burnuna tutdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Gaharyň gelse, burnuňy dişle (nakyl).

2. Aýakgabyň ýa-da başga zadyň öň tarapy. ujy. Ol nemetsiň göwresini ýere taşlap, aýagynyň burny bilen iteläp goýberdi (A. Gowşudow, Mähri — Wepa). Göterip jigisin, maşyna tarap, ýöredi aýagnyi burnuna garap («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. geogr Üç tarapy suw, bir tarapy gury ýer bolup, suwuň içine girip duran süýnmek ýer; umuman şonuň ýaly süýnüp giden gum depesi. Porty rekonstruktsiýalaşdyrmagyň esasy meseleleriniň biri Krasnowodsk burnunyň üstünden kanal geçirmekdir («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

* Burnundan getirmek — iýenini-içenini janyna noş bolmaz ýaly etmek, azar ýamanyny bermek, horlamak.

Burnuňy uzatmak — bir zatdan hantama bolup ymtylmak.

J ü ý k  b u r u n — ser. J ü ý k.

Iki eliňi burnuňa  sokup gelmek — ser. E l.

Men indi iki elima burnuma sokup, ne ýüzüme baraýyn? («Tokmak» žurnaly).


BURUN II, kön. s. Ozal, öň, ilki, öňürti. Ol daň atmazyndan burun, geçelgä ýetşimegi göz öňünde tutýardy (A. Gowşudow, Mähri — Wepa).


BURUNLAK, Uzyn burunly, uly burunly,Ol süňklek, garaýagyz, burunlak bir oglandy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Beýlekisi bolsa boýny bokur, gözi çukur, burunlak uzyn adamdy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


BURUNLYK, 1. Düpäniň büýlüsiniň ujundaky çetnige daýalyp idilýän ýüp. Tirkişiň yzyndaky düýe burunlygyny üzüpdir.

2. göç. m. Düýe. Ana gör, ýaşymyň soňunda meniň ýeke burunlygymy elimden dartyp aldylar (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).


BURUNLYKLAMAK, Düýäniň burnuny deşip, büýlüsine burunlyk baglamak, dakmak.


BURUNLYKLANMAK. Düýänin burny deşilip büýlüsine, burunlyk baglanmak, daňylmak. Burunlyklanan düýe ýaly Amyderýanyň erkini elimize alarys (A. Gowşudow, Eserler).


BURUNSA, Düebaşlygyň düýänin burnunyň üstünde durýan we owsara birigýän bölegi.


BURÇ I, 1. Bir zadyň, predmetiň taraplarynyň  birigen ýeri, kunji, çüňki. Gylyç Gajar ogly köçäniň burçundan dolanyp gözden ýitdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Bu jaýyň bir burçunda agaç krowat bar eken (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. mat. Bir nokatda birigen iki çyzygyň aralygy. Göni burç (burçy. 90° deň bolan burç). ýiti burç (90° az bolan burç). Kütek burç (90" köp bolan. burç).

* Gyzyl burç — ýörite abzallaşdyrylan praktiki ähmiýetli ýer, jaý.

Janly  b u r ç — mör-möjekleriň, haýwanjyklaryň saklanýan jaýy, ýeri (köplenç mekdeplerde).


BURÇ II, bot. Süýnmek miweli dik ýaýrap ösýän ösümlýk we onuň tagam üçin ulanylýan ýakymly ýiti ysly hasyly. Bolgar burçy.Gyzyl burç.Gara burç.


BURÇA, bot. Owadan mawy gülli, kösügi iýilýän meýdan oty.


BURÇAK-BURÇAK, Damja-damja, düwme-düwme. Ýaňaklary burçak-burçak derleýär (N. Pomma, Saýlanaň eserler). Uzak ýoly ýörän adamlar burçak-burçak derleýärdiler (A. Gowşudow, Eserler).


BURÇAKLAMAK, Burçak-burçak derlemek, gaty derlemek. Onuň maňlaýny kertip duran börüginiň aşagyndan burçaklap galan derler biri-birine tapyşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BURÇALYK, bot. Baldaklary ýaşajyk soganyň ýaşyna meňzeş, köki çigildemiňki ýaly, alada bitýän haşal ot.


BURÝATLAR, Burýat-Mongol ASSR-niň esasy ilaty, ýerli halky.