SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AKA

AKABA [aka:ba], Kesilmän akyp duran, mydama akyp duran, akar; suwuň akýan ugry, suw akyp emele gelen ýap, jar. Akabadaky garlar agras ýazylyp ýatyrdylar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Tejeniň suwy indi akaba boldy.


AKADEMI'ZM, kön. s. Ylmy işlerde praktikadan uzňe bolan teoretiki alym.


AKADEMIK, 1. Akademiýanyň agzasy. Akademigiň beren maslahatlary Baýramowyň ylmy işleriniň daýanýan materiallaryny giňeltdi (N. Jumaew, Ak derek). Akademik Filatow göz bejermekde dünýäde ady belli alymdyr.

2. kön. s. Akademiýa kursuny gutaran adam.


AKADEMIKI, l. Akademiýa degişli bolan.

2. Okuwa degişli bolan. Akademiki ýyl. Akademiki sagat.

3. Resmileşen kadalary, düzgünleri saklaýan. Akademiki suratçylyk sungaty.

* Akademiki teatr — göreldeli döwlet teatrlaryna berilýän hormatly at. Türkmen döwlet akademiki drama teatry.


AKADE'MIÝA, 1. Ýokary ylmy ýa-da çeperçilik edara. Ýazly indi bir ýyldan bäri akademiýada işleýär (B. Pürliew, Ilkinji gün). TSSR Ylymlar akademiýasy,

2. Käbir ýokary okuw jaýlarynyň ady. Harby-meditsina akademiýasy. Meditsina ylymlarynyň akademiýasy. Pedagogik ylymlaryň akademiýasy.


AKAN-DÖKÄN [aka:n-dökän], Bulam-bujar, çalam--çaş, tertipsiz, bulaşyk.

Öýüň içini akan-dökän edip, tapan depder-kitaplaryny alyp, ýeňsesini tüňňerdip, mekdebine gitdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Içeri goşlary akan-dökän bolup ýatyr.


AKAN-DÖKÄNLIK [aka:n-dökänlik], 1. Bol-telkilik, juda köplük.

2. Bulam-bujarlyk, tertipsizlik, çalam-çaşlyk, dyr-pytraňlyk. Ussanyň dükanynda şeýle akan-dökänligiň arasynda adamlar özlerine ýer tapýardylar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


AKAR, Dynuwsyz akyp ýatan, akýan ýap, suw, akaba.

Bu ikisi tirkeşip barýarkalar, öňlerinden içi akar suwly bir giň ýap çykypdyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»): Akar akar jar bilen, Alma bilen, nar bilen, Niçik ömür süreýin, Bir aksakgal är bilen («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Biz şu gün akara suwa düşmäge gitjek.


AKARBAŞ [akarba:ş], med. Ýüze, el-aýaga çykýan suwly baş.

Artyk öz ýanyndan: — Ol belki hem, akarbaş-dyr, wagty bilen bitmez — diýdi (B. Kerbabaew, Aý-gytly ädim).


AKATSIÝA, bot. Ownujak ýaprakly, salkym-salkym ak gülli agaç.

Müsürde hurma palmalarynyň we akatsiýalaryň tokaýlary bolupdyr (Gadymy dünýä taryhy)'. Akatsiýa agajy.