SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AKK

AKKOMPANEME'NT, sazç. Aýdyma sazandarlyk ediş.


AKKORD, Bir näçe saz heňiniň sazlaşyp çykmagy.


AKKORDEON, Sag el bilen basyp çalmak üçin fortepýano klawişli baýanyň bir görnüşi.


AKKUMULÝATOR, Elektrik güýjüni, energiýany toplap, maşyny we ş. m. herekete getirmek üçin hyzmat edýän enjam. Ol maşynyň akkumulýatoryndan başga ähli böleklerini ýasady («Pioner» žurnaly). Akkumulýator zaýalanan hem bolsa bilemok, maşyn ot alanok.