SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AKT

AKT, l. Bir zarba edilýän hereket ýa-da ýüze çykýan hereket, iş. Agressiw akt.

2. Bir zady, wakany subut edýän dokument. Şorta ýaşlardan kimdir-de birisi: — «Mal öldi!» — diýip, ferma müdiriniň akt ýazyşy ýaly, bizem akt ýazarys! — diýip, degişme bilen güldi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

3. teatr. Oýnuň bir perdesi. Men oýnuň birinji aktyna ýetişmedim.

4. Okuw jaýlarynda: dabaraly ýygnak.


AKTIOR, Teatrda oýun goýlanda rollary ýerine ýetiriji artist. Ýaş aktiorlar bagtly ýaşlygyň berlendi-gini. görkezýärler («Pioner» žurnaly), Ol drama teatrynyň aktiory.


AKTI'W, 1. Bir edaranyň, guramanyň örän işeňňir, initsiatiwaly işleýän çlenleri, topary. Çünki jemgyýetçilik aktiwiniň hemişelik kontrollygy işde gürrüňsiz köp peýda berer («Sowet Turkmenistanyň» gazýeti). Aktiwler-de çykyp joşgunly söz sözleýärdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Işeňňir. 1812-nji ýylyň watançylyk urşy öňde baryjy rus pikiriniň ösmegine güýçli itergi boldy, samoderja-wiýeniň we feodal krepostnoýçylyk gatnaşygynyň garşysyna aktiw protest döretdi .

(H. B. Gogolь, Eserler).


AKTIWIST, Köpçülik işine aktiw gatnaşýan, bir kollektiwiň işeňňir çleni. Profsoýuzlaryň aktiwistleriniň naharhanalarda diňe bir sowet söwdasynyň kadalarynyň berjaý edilişi bilen gyzyklanmaklary ýeterlik däldir («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Kolhoz aktiwistleri.


AKTIWLEŞMEK, Işe we ş. m. yhlasly, janypkeş ýapyşmak, başgalara görelde bolmak, has aktiw bolmak, janlanmak. Agitatsiýa-köpçülik işleri barha aktiwleşýär.


AKTIWLIK, Aktiw çlenlik, aktiw bolmaklyk, işjeňlik.


AKTRISA, Teatrda oýun goýlanda rollary ýerine ýetiriji artistka, artist aýal.

Akgyz aktrisa, biziň obaly («Sowet edebiýaty» žurnaly). Jeren oňat aktrisa bolup ýetşiipdir.


AKTUAL, Häzirki pursat üçin örän peýdaly, ähmiýetli, has gerekli. Birleşen Milletler Guramasynda sowet wekili atom ýaragyny harby maksatlar üçin ulanmakdan aýyrmaly diýip, aktual mesele goýdy. Bu görkezmeler biziň üçin aktualdyr.