SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AKY

AKYL, Adamyň pikirlenmek ukyby, aňly-düşunjeli durmuşyň esasy.

Gujur azat, kuwwat azat, baş azat, Duýgy azat, akyl azat, huş azat (N. Pomma, Saý-lanan eserler).

Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar (nakyl).

Gahar öňden ýörär, akyl — yzdan (nakyl)

* Akyl bermek — nesihat etmek, öwüt öwretmek.

Akyl kesmek — akylyň ýetmek, düşünmek, bilmek.

Akyldan azaşmak — akylyňy aldyrmak, däliremek.

Akyldan ýazmak — ser. Akyldan  azaşmak.

Akyly goýalyşmak — akyllylyk derejesi artmak, akyllanmak, goýazylaşmak. Ýaşlar akyly goýalyşmadyk adamlardyr (A. Gowşudow, Eserler). Akyly goýalyşan adam.

Akyly doluşmak — akyl taýdan kämilleşmek, akyly goýalyşmak, akyllanmak.

Akyly ýetmek — akyly kesmek, düşünmek, bilmek. Onuň iň kiçi oglunyň hem akyly ýetip-dir.

Akylyny almak — bütinleý bir zadyň yşkyna düşürmek, bir zada berilmegini gazanmak. Yşkyň höwesi onuň akylyny alypdyr.

A k y l y ň y  aldyrmak — ser. Akylyňy  ýitipmek.

Akylyňy ýitirmek — ugursyz pikire gitmek, akmaklyk etmek.


AKYLDAR [akylda:r], ser. Akylly. Öňde baryjy Rus akyldarlary reaktsiýa garşy göreş alyp barýardylar (H. B. Gogolь, Eserler).

Bu aýal dünýäniň hemme akyldarlary barada gürrüň ederdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


AKYLLANDYRMAK, Akyl öwretmek, akyl bermek, terbiýelemek. Goşunda gulluk etmek ony akyllandyrypdyr.


AKYLLANMAK, Akylly bolmak, parasatly bolmak, akyl jemlenmek. Oglan ulaldygyça akyllanýar.


AKLLY, Akyly köp bolan, duşünjeli, paýhasly, parasatly.

Akylly özüni öwmez (nakyl).  

Akylla bir söz bes, akmaga müň söz hebes (nakyl).

Akylly öwrener, akmak öwreder (nakyl).

Akyllynyň işinden göwnüň söýner, akmagyň işinden pehimiň käýiner (nakyl).

Akylly başda biler, akmak—başa gelende (nakyl).


AKYLLYLYK, Düşünjelilik, parasatlylyk, akylly bolmaklyk.

Gözellik eposda akyllylyk we dogumlylyk bilen utgaşdyrylyp berlipdir («Görogly» eposy).

Akyllylyk bileň hereket etmek.


AKYLSYZ, Akylly däl, akyly bolmadyk, akmak.

Sen akylsyz ýigit däl ahyry! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AKYLSYZLYK, Akylly dällik, akyly bolmazlyk, akmaklyk. Akylsyzlyk bilen iş etmäň!


AKYL-HUŞ [akyl-hu:ş], Aň-düşünje, paýhas, ýat.

Akyl-huşum galmandyr, halys garrapdyryn.


AKYM, 1. Suwuň akýan ugry, gidýän ugry.

Suwuň akymy deňze tarap okgunly. haýdaýar (M. Gorьkiý, Eserler). Amyderýaiyň gadymy akymy boýunça köpürjikli tolkunlar akyp barýan ýaly bolup görünýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. göç. m. Haýsy hem  bolsa bir işde, döredijilikde ugur. Bu — rewolýutsiýanyň akymnyň ugry (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


AKYN, Gazagystanda, Gyrgyzystanda: aýdymçy, halk şahyry, bagşy.


AKYR-UKUR, Köne-sana zatlar, goş-golam. Köne tamyň içi akyr-ukur zatdan doly.


AKYTDYRMAK, Adamyň eliniň ýa-da başga bir zadyň üstünden birine suw guýdurtmak. Myhmanyň eline suw akytdyrmak. Eliňe suw akytdyrmak.


AKYTMAK, Biriniň eline ýa-da bir zadyň üstünden suw guýmak, suw dökmek.

Gülnäz legen bilen suw alyp geldi, Firidunyň eline suw akytdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).