SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AKS

AKSAKGAL [a:ksakgal], 1. Bir obanyň ýaşulusy, kethudasy, geňeşdary, ýaşuly adamsy. Şol toýa ähli obalaryň aksakgal-kethudalary, baýlary çagyryp, olara emiriň adyndan halat-serpaý berdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gowşut hanyň Gylyç aksakgal diýen bir umumy geňeşdary bolan (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

2. Sakgaly agaran garry adam, ýaşuly adam. Günlerde bir gün bir aksakgal peýda boldy («Görogly» eposy). Toba, toba, sakgalyňdan utan, aksikgal! (B. Purliew, Ilkinji gün).


AKSIO'MA, Geometriýada subutsyz kabul edilýän ýagdaý. Subutsyz kabul edilýän ýagdaýa aksioma diýilýär (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).


AKSOWULT [a:ksowult], Çalaryp görünýän, agymtyl reňkde bolan.

Howa gamaşyp, asmanyň ýüzüni aksowult bulut perdeläpdir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Emma häzir onuň gyzgylt öwüsýän al ýaňaklary solup, ýüzi aksowult, pakgylaç görünýärdi (B. Kerbabaew, Aý- gytly ädim). Awtobus darajyk. köçeleriň birine düşdi we aksowult tozana garyşyp, gözden sumat boldy.