SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AKM

AKMAK I, Bir tarapa gönükmek, dökülmek, guýulmak (suwuklyk hakda). Günüň gyzgyn howry daga düşen-soň, Doňak gary eräp, akýar bulagy (N. Pomma, Saýlanan eserler). Niräk sowsak şol tarapa akarsyň, Suw görmedik ýerlermizi ýakarsyň (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

Bu ýerden hem derýa akar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


AKMAK II, Akyly gysga, akylsyz, ýeňilkelle, samsyk, kemakyl:

Akmagyň başynda akyl jem bolmaz (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ýagşy,, ol bir akmak ekeni, Kelhana näme bolupdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Akmak myhman öý eýesine hödür eder (nakyl).


AKMAKLYK, Ýeňilkellelik, kemakyllylyk, akylsyzlyk, samsyklyk.

Belke-de, meniň aýdýanym akmaklykdyr-(M. Gorьkiý, Ene). Artyk, akmaklyk etmesene, walla! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bilgeşleýin öz boýnu-ňa tanap saldyrmak akmaklyk dälmidi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


AKMAKÇYLYK, ser. A k m a k l y k. Ejesiniň edip ýören bu akmakçylyk işlerine we özüniň yrymçy aýalynyň howsala düşüşine Goçmyrat diňe güldi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


AKMAŇYZ [a:kmaňyz] I, Gawunyň bir sorty. Gök biýaranyň içinde akmaňyz gawunlar düňderilişip ýatyrlar (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


AKMAŇYZ [a:kmaňyz] II, Heniz durmuşyň kynçylyklaryny başyndan geçirmedik, durmuşda tejribesi bolmadyk, bişişmedik, ýaş. Sen entek akmaňyz bolýarsyň, bu zatlaryň manysyna düşünmeýärsiň?